“Uensdeý” serialynyň ikinji möwsümi çykdy

  • 08.08.2025 16:34
  • 3.8k+

Netflix “Uensdeý” serialynyň dowamyny hödürledi. Serialyň premýerasy iki bölege bölündi. Birinjisi, ýagny dört bölüm eýýäm elýeterli boldy, ikinjisi bolsa 3-nji sentýabrda çykar.

Ikinji möwsümiň sýužeti “Newermor” akademiýasynyň garaňky syrlaryny öwrenmäge bagyşlanýar. Bu akademiýanyň müdiri Stiw Buşeminiň ýerine ýetirmeginde Bart Dort boldy. Şeýle-de, serialyň dowamynda tomaşaçylar Ledi Gagany görüp biler. Artist ykbaly “Newermor” bilen ýakyn baglanyşykly  bolan syrly mugallym Rozalin Rotwudyň keşbini ýerine ýetirdi. Baş keşbi – Uensdeýi Jenna Ortega oýnaýar, ol özüniň ekstrasensor ukyplarynyň kömegi bilen Enidiň ölüminiň öňüni almaga synanyşýar.
Serial eýýäm tankytçylardan we tomaşaçylardan oňyn baha aldy. Metacritic portalynda ol 7,2 bala eýe boldy. The Telegraph onuň “garaşanyňy ödeýän örän täsirli möwsümdigini” ýazýar.
“Uensdeý” Netflix-de 2022-nji ýylyň güýzünde çykdy. Onuň döredijisi Tim Býorton boldy. Komediýa serialy gahrymanyň ulalyp, “tutuk uçurymdan özbaşdak hanyma” öwrülişine bagyşlanýar. Serialda Uensdeý adatdan daşary ukyplaryny dolandyrmaga çalyşýar we ene-atasyny 25 ýyl ozal bulaşdyran syry açmagyň ýoluny gözleýär.


şu gün 08:26
2.3k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
946

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....