France Football 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleri yglan etdi

  • 08.08.2025 17:03
  • 13k+

France Football fransuz žurnaly 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär.

2024/25 möwsüminiň iň gowy oýunçysy üçin baýraga 30 futbolçy dalaş edýär, olaryň arasynda dokuz oýunçy Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan.
2024/25 möwsüminde “PSŽ” taryhda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, şeýle-de Fransiýanyň çempiony we Kubogynyň eýesi boldy. Taryhda ikinji gezek birbada dokuz dalaşgär bir kluba wekilçilik edýär. 2018-nji ýylda şeýle netijäni Madridiň “Realy” görkezdi.
1956-njy ýylda baýrak esaslandyrylany bäri ilkinji gezek Fransiýanyň çempionaty sanawdaky oýunçylaryň sany boýunça öňde barýar.
Klublar boýunça dalaşgärleriň sanawy:

  • “PSŽ”: Usman Dembele (Fransiýa), Janluiji Donnarumma (Italiýa), Dezire Due (Fransiýa), Aşraf Hakimi (Marokko), Hwiça Kwarasheliýa (Gruziýa), Nunu Mendeş (Portugaliýa), Žoau Neweş (Portugaliýa), Fabian Ruis (Ispaniýa), Witinýa (Portugaliýa).
  • “Liwerpul”: Aleksis Makallister (Argentina), Wirjil wan Deýk (Niderlandlar), Mohamed Salah (Müsür), Florian Wirs (Germaniýa).
  • “Barselona”: Robert Lewandowski (Polşa), Pedri (Ispaniýa), Rafinýa (Braziliýa), Lamin Ýamal (Ispaniýa).
  • “Real”: Jud Bellingem (Angliýa), Kilian Mbappe (Fransiýa), Winisius Žunior (Braziliýa).
  • “Inter”: Denzel Dýumfris (Niderlandlar), Lautaro Martines (Argentina).
  • “Arsenal”: Wiktor Dýokereş (Şwesiýa), Deklan Raýs (Angliýa).
  • “Bawariýa”: Garri Keýn (Angliýa), Maýkl Olise (Fransiýa).
  • Dortmundyň “Borussiýasy”: Seru Girassi (Gwineýa).
  • “Mançester Siti”: Erling Holand (Norwegiýa).
  • “Napoli”: Skott Maktomineý (Şotlandiýa).
  • “Çelsi”: Koul Palmer (Angliýa).

“Altyn topuň” gowşurylyş dabarasy 22-nji sentýabrda Parižde geçiriler.
2024-nji ýylda baýragyň eýesi “Mançester Sitiniň” ispaniýaly ýarymgoragçysy Rodri boldy. Ol şikes sebäpli tutuş möwsümi diýen ýaly sypdyrdy.












düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......