Paleontologlar deňiz süýrenijileriniň näbelli görnüşini tapdylar. Onuň gaňňyly baryp 1978-nji ýylda tapylypdy

  • 09.08.2025 14:48
  • 9.2k+

Paleontologlar irki ýura döwründe, takmynan, 183 million ýyl ozal ýaşap geçen plesiozawrlaryň - deňiz ýaşşerleriniň täze görnüşini tapdylar. Olaryň gaňňyllary 1978-nji ýylda Germaniýanyň Holsmaden känindäki Posidoniýa slanesinde tapylypdy, ýöne haýwanyň özboluşly aýratynlyklaryny jikme-jik öwrenmek ýaňy-ýakynda geçirildi.

Barlagyň netijeleri PeerJ žurnalynda çap edildi.
Täze görnüşe Plesionectes longicollum diýilýär. Ýaşşerleriň uzynlygy takmynan 3,2 metr bolupdyr. Boýnunyň uzynlygy 1,25 metr bolup, azyndan 43 oňurgadan ybarat bolupdyr, şonuň üçin latynça ady longicollum, ýagny "uzyn boýunly" diýmegi aňladýar. Ýaşşeriň guýrugy takmynan 81 santimetr bolupdyr.
Plesionectes longicollum - Holsmaden sebitinden tapylan iň gadymy pleziozawrdyr. Bu möhüm açyş deňizleriň ekoulgamlarynyň ewolýusiýasyna düşünmäge kömek edýär, ummanlarda ummasyz kislorod ýetmezçiligi başdan geçirilýär, ýagny  dünýäniň deňiz durmuşyna täsir eden anoksiki hadysa bolup geçýär diýip,  Polşanyň Ylymlar akademiýasyndan doktor Daniel Madzýa düşündirdi.
Posidoniýa slanesiniň emele gelmegi pleziozawrlaryň esasy ugurlaryny görkezýän, bu toparyň bäş görnüşini öz içine alýan örän oňat saklanyp galan deňiz galyndylary bilen tanalýar. Täze görnüşler sebitdäki deňiz süýrenijileriniň dürlüliginiň ozal pikir edilişinden has giňdigini görkezýär.
Mezozoý döwrüniň deňiz süýrenijileri - ihtiozawrlar, pleziozawrlar, pliozawrlar we mozazawrlar häzirki zaman hažžyklary bilen baglanyşyklydy. Olar seýrek tapylýar, şonuň üçin her täze açyş gadymy ummanlaryň durmuşyna düşünmek üçin möhümdir.


şu gün 08:10
60

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.8k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......