Britaniýada köne-sana kitaplaryň arasyndan “Hobbitiň” ilkinji nusgasy tapyldy. Ol 43 müň funt sterlinge satyldy

  • 08.08.2025 16:11
  • 4.2k+

Beýik Britaniýada Jon R.R.Tolkiniň “Hobbit” kitabynyň ilkinji neşiriniň seýrek nusgasy tapyldy. Ol auksionda 43 müň funt sterlinge satyldy.

The New York Times-yň habar bermegine görä, tapyndy Bristolyň ýaňy-ýakynda aradan çykan ýaşaýjysynyň emlägine baha berlen wagty seýrek kitaplar boýunça hünärmen Keýtlin Raýli tarapyndan ýüze çykaryldy.
Raýli öý kitaphanasyny gözden geçirip ýörkä, köne maglumat kitaplarynyň we gadymy uly kitaplaryň arasynda ýiti-ýaşyl sahaply bir kitaby gördi. Bu 1937-nji ýylda çap edilen “Hobbitiň” ilkinji neşiriniň 1500 nusgasynyň biri bolup çykdy. Kitap eldegrilmedik ýagdaýyndady: ony ýa-ha asla okamandyrlar, ýa-da örän eserdeň bir adam okapdyr.


Hünärmen ilkibaşda bu ýerde ünsi çeken zadyň örän az bolandygyny we olaryň satyp biljek goşlarynyň hatda üç belgili sana hem ýetmändigini aýdýar. Soň bolsa hakyky ak-gara suratlar bilen bezelen “Hobbit” tapyldy – soňky neşir nusgalary reňkli görnüşde çykypdy.
Keýtlin nähili seýrek tapynda duşandygyna göz ýetirenden soň, duýgusyny saklap bilmän aglady.


Kitap Oksford uniwersiteti bilen baglanyşykly botanik Hýubet Pristliniň maşgalasynyň kitaphanasynda saklandy. Belli bolşy ýaly, Jon Tolkin Oksfordda okadypdy, Pristliniň maşgalasy bolsa onuň dosty – ýazyjy Klaýw S.Lýuis bilen aragatnaşyk saklaýardy. Bu hem kitabyň eýeleriniň Tolkiniň özi bilen gatnaşygynyň bolup biljekdigini çaklamaga esas berdi.
Auctioneum auksion öýüniň maglumatlaryna görä, şeýle nusgalardan bary-ýogy birnäçe ýüz sanysy saklanyp galdy. Ilkibaşda kitabyň bahasy 10-12 müň funt sterling diýlip bahalandyryldy, ýöne auksionda baha derrew 43 müň funt sterlinge çenli ýokarlandy diýip, The Guardian ýazýar.
Belläp geçsek, 2015-nji ýylda elf dilinde awtoryň ýazgysy bolan “Hobbitiň” ilkinji neşiriniň başga bir nusgasy Sotheby’s auksionynda 137 müň funt sterlinge satyldy.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
957

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......