US Open tennis taryhynda iň sahy ýaryş bolar: baýrak gaznasy - $90 mln

  • 08.08.2025 15:09
  • 3.3k+

Tennis boýunça ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 2025-nji ýylda 90 mln dollara ýeter – bu tennis ýaryşynyň taryhynda täze rekorddyr. Bu barada US Open-iň resmi saýtynda habar berilýär.

Erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşlaryň ýeňijileri 5 mln dollar, finalçylar 3,6 mln dollar alar. Jübüt we garyşyk ýaryşlaryň ýeňijilerine 1 mln dollar tölener.
2024-nji ýylda US Open-iň baýrak gaznasy 75 mln dollar bolup, ol häzire çenli tennis ýaryşy üçin iň ýokary mukdar hasaplandy. 2025-nji ýylda “Uimbldon” hem şeýle görkezijä golaýlady – 70 mln dollardan gowrak.
US Open möwsümde jemleýji “Uly tuwulga” ýaryşydyr. Oýunlar Nýu-Ýorkdaky Billi Jin King adyndaky milli tennis merkeziniň hard kortunda geçirilýär. Şu ýyl ýaryş 24-nji awgustdan 7-nji sentýabr aralygynda geçer.
Ýekelikdäki ýaryşlaryň häzirki çempionlary italiýaly Ýannik Sinner we belarusly Arina Sobolenkodyr.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......