Iýul aýynyň ahyrynda Estoniýadaky taşlanan Rummu hek daşy käninde “Romula ja Julia” pýesasynyň - Uilýam Şekspiriň “Romeo we Julýetta” spektaklynyň özboluşly görnüşiniň ilkinji görkezilişi boldy. Onda ähli keşpleri ulaglar - ýük awtoulaglary, awtobuslar, beton garyjylar, ýangyn söndüriji ulaglar we ekskawatorlar ýerine ýetirdi.
Sahnany Kinoteater garaşsyz teatr taslamasy tanyşdyrdy diýip, CBS News habar berýär.
Julýettanyň keşbi gyzyl Ford pikap ulagyna, Romeonyňky bolsa ýaryş ýük ulagyna ynanyldy. Ulaglar kuzowlaryny biri-birine ýakynlaşdyryp, romantiki sahnalar oýnadylar we Tibalda bilen Merkusionyň keşplerindäki iki ekskawator susaklary bilen söweşdiler, bu oýnuň iň täsirli sahnalarynyň biri boldy.
Hereket birwagtlar hek daşy gazylyp alnan çägeli käniň öňünde ýaýbaňlanýar. "Aktýorlar" keşplerini biri-birine gep gatmazdan diýen ýaly ýerine ýetirdiler, şowhun we dramaturgiýa enjamlaryň hereketiniň, aýdym-sazyň, yşyklandyryş täsirleriniň we ahyrynda feýerwerkiň hasabyna üpjün edildi. Hususan-da, sahna The Cardigans toparynyň “Lovefool” aýdymy bilen utgaşdyryldy.
"Bu, esasan, häzirki wagtda Şekspiri ýerine ýetirmegiň manysy we muny amala aşyrmagyň täze usullaryny tapyp biljekdigimiz baradaky uly gerimli gürrüňdir. Uly ulaglar bilen mylaýym bolmak isledik. Bu gapma-garşylyk bizi gyzyklandyrdy. Söýgi ýaly duýgyny uly ulaglaryň üsti bilen ýetirmek mümkinmi?" – diýip, oýny goýujylaryň biri we Kinoteater taslamasynyň esaslandyryjysy Paawo Piýk aýdýar.
Uly tehnikalara şeýle möhüm keşpleriň berilmegi ilkinji gezek däl. 2001-nji ýyldan bäri her ýyl Awstriýanyň Zelden şäherinde karfagenli serkerde barada "Gannibal" şüweleňi geçirilýär. Onda ratraklar (lyža ýollaryny taýýarlamak üçin gar galňadyjy tehnika), uçarlar we dikuçarlar ulanylýar. Sahnada ratraklar karfagen serkerdesiniň pillerini suratlandyrýar. Indiki şüweleňi 2026-njy ýylyň aprelinde geçirmek meýilleşdirilýär.
Eýýäm käbir keşpleriň robotlara tabşyrylýan teatrlary hem bar. Şunuň ýaly sahnalaryň ilkinjisi Nýu-Ýorkdaky Les Freres Corbusier teatrynda goýlan “Geddatron” hasaplanýar. Bu oýun Genrik Ibseniň "Gedda Gabler" pýesasynyň mowzugyna wariýasiýa hasaplanýar, onda robotlar bir amerikan zenanyny Afrika jeňňeline alyp gidýär. Soň Rimini Protokoll nemes teatr topary Londonda "Elhenç jülge" dramasyny sahnalaşdyrdy . Berlindäki "Komiş operasiýasy" bolsa "Meniň dörtburç ledim" - "Meniň ajaýyp ledim" mýuzikline we "Pigmalion" pýesasyna parodiýany sahnalaşdyrdy.