Estoniýaly darbaz taryhda ilkinji bolup Bosfor bogazyny tanapdan ýöräp geçdi

  • 18.09.2024 13:29
  • 13k+

Estoniýaly Ýaan Roose Bosfor bogazyny tanapdan ýöräp geçen ilkinji adam bolup, taryhy rekord goýdy. Bu barada Türkiýäniň Hurriyet gazeti habar berdi.

32 ýaşly darbaz 1074 metr aralygy 47 minutda geçdi. Ol bu aralygy 165 metr beýiklikde Bosfor köprüsiniň diregleriniň arasyndan çekdirilen tanapdan ýöräp geçdi.
Roose tanapda ýöremekde üç gezek dünýä çempiony bolan (tanapda ýöremek - aslynda ýük götermek üçin niýetlenen urgan). Şeýle hem, ol tanapyň üstünde iki gezek arkan aşyr atyp, şöhrat gazanan dünýäde ýeke-täk adamdyr.
Ýaan: “Bosforyň taryhy we medeni ähmiýeti müňýyllyklaryň dowamynda emele geldi. Şeýle hem ol ajaýyp tebigy gözelligi özünde jemleýär we iki yklymy birleşdirýär. Üýtgäp durýan howa şertleri we güýçli deňiz akymlary bu ýeri sleklaýn üçin özboluşly edýär. Taryha girenime örän şat "- diýdi.
Ondan öň Roose Messina bogazyndan üstünlikli geçipdi, ol 3,6 km aralygy üç sagatda külterledi.


şu gün 00:07
935

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....