USB Type-C bilen zarýad berilýän ilkinji elektrowelosiped tanyşdyryldy

  • 04.04.2025 22:23
  • 4.5k+

Estoniýanyň Ampler kompaniýasy täze «Nova» we «Nova Pro» elektrikli welosipedlerini hödürledi. Bu welosipedleriň esasy aýratynlygy – olaryň USB Type-C arkaly zarýad almagydyr. Täze modelleriň ramasyna ornaşdyrylan batareýalaryny 3 sagatda doly zarýadlap bolýar diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.

Adaty elektrowelosipedler 5 sagatda doly zarýadlanýar, ýöne Ampler USB-C PD 3.1 tehnologiýasy arkaly bu prosesi ep-esli çaltlaşdyrdy. Eger ulanyjynyň bu tehnologiýany goldaýan zarýad berijisi ýok bolsa, 140 Wt kuwwatly zarýad berijini hem Ampler-den satyn alyp bilýär.
«Nova» modeli 2990 ýewrodan, «Nova Pro» bolsa 3490 ýewrodan hödürlenýär. Iki model hem 250 Wt kuwwatly hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan, şeýle-de iň ýokary tizlikleri 25 km/sag ýetýär.
Bu welosipedler häzirki wagtda Ýewropada öňünden sargyt üçin elýeterli, ýöne beýleki ýurtlarda satylyp-satylmajakdygy entek belli däl.


14.01.2025 12:24
11k+

Estoniýaly darbaz Dubaý diňleriniň arasyndaky 100 metrlik tanapdan ýöräp geçdi

Estoniýaly darbaz, sleklaýn boýunça üç gezek dünýä çempiony Ýaan Rooze Dubaýdaky Jumeirah Emirates Towers diňleriniň aralygyndaky 100 metrlik tanapdan ýöräp geçdi. Tanap 224 metr beýiklikde çekdirildi diýip, Emirates...

18.09.2024 13:29
13k+

Estoniýaly darbaz taryhda ilkinji bolup Bosfor bogazyny tanapdan ýöräp geçdi

Estoniýaly Ýaan Roose Bosfor bogazyny tanapdan ýöräp geçen ilkinji adam bolup, taryhy rekord goýdy. Bu barada Türkiýäniň Hurriyet gazeti habar berdi. 32 ýaşly darbaz 1074 metr aralygy 47 minutda geçdi. Ol bu aralygy...

28.06.2021 13:13
3.7k+

Estoniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kiberhowpsuzlyk boýunça mejlisini geçirer

29-njy iýunda Estoniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde kiberhowpsuzlyk mowzugy boýunça ýokary derejeli mejlis geçirer. Bu barada Baltika respublikasynyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi. Muny TASS ýetirýär...

şu gün 19:36
104

Nintendo Switch 2 kompaniýanyň taryhynda iň çalt satylýan pristawka boldy

Nintendo kompaniýasy Switch 2 konsolynyň kompaniýanyň taryhynda iň çalt satylýan pristawka bolandygyny habar berdi. Ilkinji dört günde bütin dünýäde 3,5 milliondan gowrak pristawka satyldy. Bu barada kompaniýa X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda habar berdi...