Estoniýaly darbaz Dubaý diňleriniň arasyndaky 100 metrlik tanapdan ýöräp geçdi

  • 14.01.2025 12:24
  • 11k+

Estoniýaly darbaz, sleklaýn boýunça üç gezek dünýä çempiony Ýaan Rooze Dubaýdaky Jumeirah Emirates Towers diňleriniň aralygyndaky 100 metrlik tanapdan ýöräp geçdi. Tanap 224 metr beýiklikde çekdirildi diýip, Emirates News Agency habar berýär.

Bu täsin “gezelenç” kontenti döredijileriň ykdysadyýetine bagyşlanan üçünji “1 Billion Followers Summit” sammitiniň çäklerinde boldy. Rooze tanapdan iki gezek ýöredi – ilki bir diňden beýlekisine, soňra yzyna.
Ol muny 33 ýaşynyň dolan güni ýerine ýetirdi.
Belläp geçsek, Rooze öňem şeýle üstünlikleri bilen tanalýar. Geçen ýyl ol Stambuldaky Bosfor bogazyndan tanap arkaly geçen ilkinji darbaz boldy, ol şeýle etmek bilen Aziýadan Ýewropa geçdi. Mundan öň Rooze Sisiliýa adasy bilen Italiýanyň materik böleginiň aralygyndaky Messina bogazyndan üstünlikli geçdi. 


şu gün 00:07
770

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......