Ledi Gaga MTV VMA – 2025-de 12 baýraga dalaş edýär

  • 08.08.2025 16:18
  • 2k+

Amerikaly aýdymçy Ledi Gaga MTV Video Music Awards 2025 baýragy üçin nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy boldy. Onuň täze MAYHEM albomy “Iň gowy albom” kategoriýasynda baýrak üçin dalaş edýär diýip, Hypebae neşiri habar berýär.

Bruno Mars bilen bilelikde ýazylan Die With A Smile aýdymy dört kategoriýada baýraga dalaşgär görkezildi: “Ýylyň wideosy”, “Iň gowy hyzmatdaşlyk”, “Ýylyň aýdymy” we “Iň gowy pop-klip”.
Albomdan başga bir aýdym üçin döredilen Abracadabra aýdym-saz wideosy alty tehniki kategoriýada dalaşgär görkezildi: “Iň gowy režissýorlyk”, “Iň gowy montaž”, “Iň gowy horeografiýa”, “Iň gowy operatorlyk işi”, “Iň gowy wizual effektler” we “Ýylyň iň gowy wideosy”. Şeýlelikde, hut Abracadabra sanawda iň köp görkezilen klip boldy.
Şu ýyl nominasiýa sany boýunça öňdebaryjylaryň üçlügine Bruno Mars (11 nominasiýa) we Kendrik Lamar (10) hem girdi. Roze we Sabrina Karpenter sekiz nominasiýada, Ariana Grande we The Weeknd ýedi nominasiýada baýrak üçin dalaş edýär.
Internet torunda Ledi Gaganyň baýrak sany boýunça Beýonseniň we Teýlor Swiftiň rekordlaryny täzeläp biljekdigi barada çekeleşik gidýär.
Şeýle-de, aýdymçynyň dabara gatnaşjakdygy heniz anyk däl: MTV VMA baýragynyň gowşurylyş dabarasy onuň Nýu-Ýorkdaky Madison Square Garden-de Mayhem Ball konserti bilen gabat gelýär.
Ses berişlik günde 20 gezek ses bermek mümkinçiligi bilen MTV VMA saýtynda geçirilýär.

şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......