Altynyň bahasy taryhy rekordyny täzeledi

  • 08.08.2025 19:37
  • 15k+

Altynyň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy bir troý unsiýasy üçin rekord 3534,1 dollara galdy. Muňa Investing.com portalynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Aşgabat wagty bilen 18:40-daky ýagdaýa görä, bahalar 1% ýokarlanyp, bir unsiýasy üçin 3488 dollar boldy.
Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, altynyň bahalary ABŞ-nyň gümrük paçlary zerarly durnuksyzlyk hem-de Federal ätiýaçlandyryş ulgamyň esasy goýumlarynyň peseldilmegine bildirilýän umytlar bilen baglylykda, eýýäm ikinji hepde bäri ýokarlanmagyny dowam edýär.
7-nji awgustda Financial Times gazetiniň habar bermegine görä, ABŞ 1 kg agramda ýurda getirilýän altyn tokgalary üçin gümrük paçlaryny girizdi. Bu Şweýsariýadan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna import edilýän esasy harytlaryň biridir.

20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3.3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......