2026-2027-nji okuw ýyllary üçin Chevening talyp hakly maksatnamalaryna arzalar kabul edilip başlandy

  • 09.08.2025 15:05
  • 6.5k+

2026-2027-nji okuw ýyllary üçin Chevening talyp hakly maksatnamalaryna arzalaryň kabul edişligi başlandygy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Chevening — bu Beýik Britaniýanyň hökümetiniň abraýly halkara talyp hakly maksatnamasy bolup, ol dünýäniň ähli künjeklerinden zehinli geljekki liderlere doly tölenilýän talyp haky mümkinçilikleri hödürleýär. Bu maksatnama Beýik Britaniýanyň uniwersitetleriniň birinde bir ýyl möhlet bilen magistr derejesini almak üçin mümkinçilik berýär.
Chevening maksatnanasy boýunça bilim alýanlar ýokary hilli bilimden başga-da, eksklýuziw çärelere, taýýarlyk okuwlaryna gatnaşmak bilen, maksatnamanyň global uçurymlar bilrleşiginiň bir bölegi bolmak ýaly mümkinçiliklere eýe bolýarlar.
Arzalary onlaýn tabşyrmak üçin: chevening.org/apply
Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti: 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabry, sagat 12:00 (UTC – bütindünýä utgaşdyrylan wagty)
Ähli dalaşgärler Chevening maksatnamasynyň onlaýn gollanmasynda jikme-jik beýan edilen talaplara laýyk bolmalydyr. Arza bermezden ozal bu gollanma bilen tanyşmak maslahat berilýär.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......