SpaceX Starship-iň Marsa uçmagy barada ilkinji şertnamasyny baglaşdy, müşderi Italiýa boldy

  • 09.08.2025 18:21
  • 3.1k+

SpaceX öz Starship kosmos gämisini Mars missiýalary üçin hödürläp başlady we eýýäm ilkinji şertnamasyny baglaşdy. Ilkinji müşderi Italiýanyň kosmos agentligi (ASI) boldy.

ASI-niň prezidenti Teodoro Walenteniň aýtmagyna görä, agentlik Gyzyl planetanyň üstünden maglumat ýygnamak üçin ylmy enjamlary ibermegi meýilleşdirýär. Tejribeler Starship-iň ilkinji täjirçilik uçuşlarynyň çäklerinde geçiriler.

“Italiýa Marsa ugraýar! ASI we SpaceX müşderiler bilen Starship-iň Marsa ilkinji uçuşlarynyň çäklerinde italýan synaglaryny geçirmek barada özboluşly şertnama baglaşdy. Peýdaly ýük missiýanyň dowamynda ylmy maglumatlary ýygnar. Italiýa kosmosy öwrenmekde öňdebaryjy bolmagyny dowam etdirýär!” – diýip, Walente ýazdy.

SpaceX-iň prezidenti we baş operasion müdiri Gwinn Şotwell kompaniýanyň Mars missiýalaryna gyzyklanma bildirýän startaplar we milli agentlikler bilen hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle-de, ol häzir awgust aýyna meýilleşdirilýän Starship Flight 10-uň uçuşyna taýýarlyk görülýändigini belledi.
Starship ilkinji gezek 2023-nji ýylyň aprelinde uçdy. 2025-nji ýylda birnäçe uçuş Hindi ummanda gonmazdan öň ýokarky basgançagyň heläkçilige uçramagy bilen tamamlandy. Muňa garamazdan, kompaniýa synaglary dowam etdirýär we programmanyň indiki tapgyryna taýýarlanýar.


08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 20:46
4.5k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......