FT: Bütin dünýäde kenarýakalar çäge gorunyň tükenmegi sebäpli ýitýär

  • 08.08.2025 16:16
  • 4.7k+

ABŞ-dan başlap, Awstraliýa çenli dürli ýurtlarda kenarýakalara eroziýanyň çaltlaşmagy we çäge gorunyň tükenmegi sebäpli ýitmek howpy abanýar. Bu barada Financial Times habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, klimat üýtgemeleri kenarýakalaryň tebigy tozmak prosesini güýçlendirýär. Tupanlar, deňiz derejesiniň ýokarlanmagy we güýçli joşgunlar eroziýa getirýär. Kenarýakalary dikeltmek bolsa barha kynlaşýar we gymmat düşýär, çünki zerur çäge gory tükenýär.
Barselonanyň şäher geňeşiniň maglumatlaryna görä, şäheriň emeli kenarlary her ýyl 30 müň kub metre çenli çäge ýitirýär – bu 12 Olimpiýa basseýni ýalydyr.
Rodante amerikan şäherçesinde (Demirgazyk Karolina) 2020-nji ýyldan bäri eroziýanyň netijesinde 11 öý ýumruldy, galan binalar hem howp astynda. Ýerli häkimiýetler kenarýaka zolagyny dikeltmek işini 40 mln dollar bilen bahalandyrdy, ýöne ýeterlik serişde ýok.

“Men on ýyldanmy ýa-da ýüz ýyldanmy, bilemok, ýöne çägäniň ýa-ha gutarjak, ýa-da onuň hetdenaşa gymmat boljak wagty geler” – diýip, ýerli häkimligiň başlygy Bobbi Autten belledi.

Häkimiýetler başga ýerlerden alnan çäge bilen kenardaky çägeleriň üstüni doldurmaga synanyşýar, ýöne hünärmenler şeýle çäreleriň hemişe netijeli däldigini duýdurýar. Surfline kompaniýasyndan bilermenler her bir kenaryň çägesiniň düzümi, reňki we däne ululygy boýunça tapawutlanýandygyny, munuň hem onuň tolkunlara durnuklylygyna täsir edýändigini belleýär. Çägäniň gurluşykda we şäherleşdirmekde işjeň ulanylmagy hem ýetmezçiligi güýçlendirýär.

20.06.2026 14:57
6.6k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....