Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

  • 06.05.2026 15:42
  • 4k+

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny görkezýärler, birnäçe ösen ýurtlar bolsa howany hapalamagyny ep-esli azaltdylar.

Hapalanmanyň ösüş depgini babatda Wýetnam öňdeligi eýeledi (+106%), ondan soň Indoneziýa (+63,1%) we Hindistan (+48,7%) gelýär. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýada, Germaniýada we Ýaponiýada onuň has peselendigi anyklandy, olaryň her biri zyňyndylary 20%-den gowrak azaltdy.

Hytaý we Amerikanyň Birleşen Ştatlary esasy zyýanly gaz çykaryjy ýurtlar bolmagynda galýarlar, olar dünýädäki zyýanly gazlaryň ep-esli bölegini çykarýarlar. Hytaýyň uglerod zyňyndylary 23,2% artdy (2,3 milliard tonna artdy), Birleşen Ştatlar bolsa kömürden ýüz öwürmek arkaly zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny 11,3% azaltdy we 4,9 milliard tonna düşürdi.

Hindistan zyýanly gazlary köp mukdarda çykarýan ýurtlaryň üçünjisi bolmagynda galýar, ýöne arassa energiýany giň gerim bilen ösdürýändigi sebäpli 2025-nji ýylda zyňyndylaryň çykyş depgininiň rekord derejede peselendigi - bary-ýogy 0,7% bolandygy hasaba alyndy.

Bilermenler planetanyň geljekki howa üýtgeşmeleriniň ösüp gelýän bazarlaryň pes uglerodly energiýa çeşmelerine geçmek ukybyna bagly boljakdygyny nygtaýarlar. Häzirki wagtda Beýik Britaniýada (-28,7%) we Germaniýada (-27,8%) zyňyndylaryň azaldylmagy gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ornaşdyrmak arkaly gazanylýar, Aziýada bolsa energiýa bolan isleg çalt depginde artmagyny dowam etdirýär.


17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 16:12
4.5k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......