Galaxy Z Fold 7-ni myžžygy çykýança açyp-ýapdylar

  • 08.08.2025 16:05
  • 7k+

Galaxy Z Fold 7-ni mahabatlandyrmak bilen, Samsung bu eplenýän smartfonyň adaty şertlerde 500 000 gezege çenli açyp-ýapmaga çydamlydygyny aýtdy. Tech IT kanalyndan YouTube blogeri muňa göz ýetirmek kararyna gelip, smartfony 200 müň gezek açyp-ýapmak synagyndan geçirdi.

Synag birnäçe näsazlyklary ýüze çykardy. Eýýäm 6000-10 000 gezek açylyp-ýapylandan soň gurluş garaşylmadyk ýagdaýda bökdäp başlady. 46 000 gezek açylyp-ýapylanda şarnir jygyldap başlady. 75 000 gezekden soň tomaşaçylar şarniriň ýanynda näbelli bir suwuklygy gördi. 100 müňe ýetilende displeýdäki epin has gowy görnüp başlady, şarnir bolsa ýeňil şatyrdy berdi. Ýöne ekran we mehanizm işlemegini dowam etdirdi.
175 000 gezek açylyp-ýapylandan soň smartfonda düýpli näsazlyk bolup geçdi – dinamikleriň biri işlemegini bes etdi. Ýöne bu, görnüşi ýaly, gönüden-göni açyp-ýapmak prosesi bilen baglanyşykly däl bolsa gerek.
Bu zatlaryň ählisine garamazdan, smartfon 200 000 gezek açylyp-ýapylandan soň hem “diri galdy”. Bu görkeziji, eger günde smartfony 100 gezek açyp-ýapsaň, onda bäş ýyl ulanylyşa barabardyr.


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...