Samsung 2025-nji ýylda iň elýeterli smartfony bolan Galaxy A17-ni hödürledi

  • 09.08.2025 14:05
  • 12k+

Samsung kompaniýasy Galaxy A17 smartfonyny hödürledi – bu Galaxy A1X hatarynyň ýedinji neslinde ilkinji we 2025-nji ýylda brendiň iň elýeterli smartfony boldy. Dünýä bazarynda modeliň satuwy eýýäm başlandy.

Galaxy A17 smartfony 5-nm tehprosesi boýunça döredilen Exynos 1330 prosessoryna eýe boldy, bu Mediatek Helio G99 çipli geçen ýylky Galaxy A16 bilen deňeşdirilende kämilleşmedir. Displeý öňküligine galdy: durulygy 2340x1080 piksel we täzelenme ýygylygy 90 Gs bolan 6,7 dýuýmlyk AMOLED, ýöne has berk Gorilla Glass Victus aýnasyny aldy.
Korpus birneme inçe (7,9 mm bilen deňeşdirilende 7,5 mm) we ýeňil (200 g bilen deňeşdirilende 192 g) boldy. Üçli kamera indi bir dik bloga birikdirildi. Frontal kamera üçin U şekilli ýer üýtgewsiz galdy.


Smartfon Android 15-iň esasynda One UI 7 bilen çykar we alty ýylyň dowamynda, Android 21-e çenli täzelenme alar.
Şeýle-de, goşa stereodinamik, barmak yzynyň skaneri, 2 TB çenli microSD kart goldawy we NFC moduly bar.
Esasy aýratynlyklary:

  • ·Kameralar: 50 Mp (OIS) + 5 Mp + 2 Mp; frontal – 13 Mp
  • ·Ýat: 4/6/8 GB operatiw, 128/256 GB hemişelik
  • ·Batareýa: 5000 mA/sag, 25 Wt simli zarýad
  • ·Aragatnaşyk: 5G, Wi-Fi 5, Bluetooth 5.3
  • ·Suwdan we tozandan gorag: IP54

Satuwa Galaxy A17 gök, gara we kümüşsöw reňklerde çykdy. Toplumda zarýad beriji ýok.
Ýewropada arzan Samsung Galaxy A17-niň bahasy 239 ýewrodan başlaýar.
Soňrak model beýleki bazarlarda-da peýda bolar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...