5.4k+

Kia 2026-njy ýylyň täzelenen K5 we K8 sedanlaryny tanyşdyrdy

Kia kompaniýasy flagman sedanlarynyň – 2026-njy ýylyň K5 we K8 modelleriniň täzelenen görnüşlerini hödürledi. Awtoulaglaryň ikisi hem täze «Best Selection» atly toplum bilen çykýar. Täze görnüş giňeldilen enjamlary bilen tapawutlanýar...

2.6k+

Režissýor Dewid Linçiň şahsy goşlary auksionda 4,25 mln dollara satyldy

Bewerli-Hillzde auksion geçirilip, onda 16-njy ýanwarda 78 ýaşynda aradan çykan režissýor Dewid Linçiň şahsy goşlary satyldy. Auksion Peninsula Beverly Hills myhmanhanasynda Julien’s Auctions auksion öýi tarapyndan Turner Classic Movies bilen bilelikde geçirildi...

8.7k+

“Liwerpul” “Baýerden” Florian Wirsi satyn aldy: APL üçin rekord transfer

20-nji iýunda “Liwerpul” Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Florian Wirsi Lewerkuzeniň “Baýerinden” satyn aldy. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, transfer iňlis klubuna 125 mln ýewro düşdi, bu hem Premýer-liganyň taryhynda satyn alnan iň gymmat futbolçy boldy...

4.9k+

Ispaniýanyň patyşasy Rafael Nadala markiz titulyny berdi

Ispaniýanyň patyşasy Filipp VI “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek çempiony, tennisçi Rafael Nadala markiz dworýan titulyny berdi. Bu monarhyň tagta çykmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärede bolup geçdi...

5.6k+

Starlink 2025-nji ýylda Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar

Starlink hemra interneti 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar. Bu barada Respublikanyň sanly ösüş ministri Žaslan Madiýew habar berdi. Hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolar, ýöne optiki-süýümli aragatnaşygyň bolmadyk uzakdaky ilat nokatlarynyň ýaşaýjylary ilkinjileriň hatarynda göz öňünde tutular...

11k+

Beýik Britaniýadaky bir obany tawus guşlary eýeledi

Beýik Britaniýadaky Hibaldstou obasyny tawus guşlary eýeledi. Guşlar awtomobillere hüjüm edip, özleriniň aýnadaky keşplerine haýbat atýar. Olar baglyklara we mazarlara zeper ýetirýär, şeýle-de ýiti sesleri bilen ýerli ýaşaýjylary biynjalyk edýär diýip, The Telegraph habar berýär...

6.4k+

Serdar Berdimuhamedow Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary — “Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

7.1k+

2025-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda geçiriljek çäreleriň tertibi aýdyldy

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa 2025-nji ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, şeýle hem wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary we sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar...

9.5k+

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Türkmenistana geler

24-25-nji iýunda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Saparyň barşynda russiýaly diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar diýip, Russiýanyň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen brifingde habar berdi...

5.2k+

Türkmenistan we ÝB sebit howpsuzlygy hem-de Owganystanyň ösüşi bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

17-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropanyň daşarky syýasat işi gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloni bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäklerinde geçirildi...

4.1k+

Honda ilkinji gezek Falcon 9-a meňzeş köp gezeklik raketany synagdan geçirdi

Ýaponiýanyň Honda kompaniýasy köp gezeklik raketa göterijisiniň synagyny üstünlikli geçirdi. Synag uçuşy Hokkaýdo prefekturasyndaky Taýki aerokosmos gözlegleri merkeziniň çäginde boldy. Synag wagty raketa 271 metr beýiklige çykdy, soňra bellenilen nokatdan bary-ýogy 37 sm uzaklykda gondy...

3.6k+

Stellantis awtoulaglar üçin düýpgöter täze geçiriş gutusyny patentledi

Stellantis kompaniýasy täze üç basgançakly geçiriş karobkasy üçin patent aldy. Täze karobka konserne degişli geljekki elektromobilleriň ýolsuz ýerlerde hem netijeli hereket etmegine mümkinçilik berer. Täze transmissiýanyň Jeep ýa-da RAM ýaly brendleriň doly (ähli tigirlerden) herekete getirijili elektrikli modellerinde ulanylmagy mümkin diýip, «Motor1» habar berýär...

4.1k+

Jeýms Gann kino sungatynyň çökmeginiň esasy sebäbini aýtdy

«Galaktikanyň goragçylarynyň» (Guardians of the Galaxy) režissýory we DC kinoäleminiň ýolbaşçysy Jeýms Gann «Rolling Stone» neşirine giňişleýin interwýu berdi. Meşhur kinorežissýor şol söhbetdeşlikde kinoteatrlara gelýän tomaşaçylaryň sanynyň ýylsaýyn azalmagy bilen baglylykda, kino sungatynyň «ýuwaş-ýuwaşdan çöküp barýandygy» baradaky mowzugy gozgady...

10k+

Eşegiň derisinde sakyrtga garşy täsirli serişde tapyldy

Amherstdäki Massaçusets uniwersitetiniň amerikan alymlary eşekleriň derisiniň ýag mäzleri tarapyndan bölünip çykarylýan (E)-2 oktenal birleşmesiniň sakyrtgalary netijeli kowýandygyny anykladylar. Laboratoriýa synaglarynyň netijesi bu maddanyň täsiriniň pes däldigini, käbir ýagdaýlarda meşhur himiki täsir ediji dietiltoluamiddenem (DEET) has ýokarydygyny görkezdi...

2.5k+

Ýagtylyk beýnini bejerip, newrodegeneratiw keselleriň ösüşini haýalladyp bilýär

Çernyşewskiý adyndaky Saratow milli barlag döwlet uniwersitetiniň (SDU) alymlary beýniniň bardasynda ýerleşýän meningeal limfa damarlarynyň (MLV) ýagtylyk bilen bejerilip bilinjekdigini subut etdiler. Fotostimulýasiýa toksinleriň çykarylyşyny gowulandyrýar we keselleriň ösüşini haýalladýar diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýazýar...