Fizikler buzy epip, elektrik energiýasyny aldylar

  • 08.09.2025 13:16
  • 3.5k+

Alymlar suw buzy epilende elektrik togunyň çykýandygyny ýüze çykardylar. Fleksoelektrik täsiri diýlip atlandyrylýan bu hadysa dürli temperaturalarda syn edildi. Bu açyş çabga bulutlarynda ýyldyrymyň nähili emele gelýändigine has gowy düşünmäge kömek edýär.

Ispaniýaly, ABŞ-ly we hytaýly fizikler ýönekeý synag geçirdiler. Olar iki geçirijiniň arasyna gaty arassa buz plastinasyny berkitdiler we ony seresaplylyk bilen epdiler. Epilmegiň netijesinde buzda ölçäp boljak elektrik zarýady döredi. Bu açyş fleksoelektrik täsiriň buzuň iň köp ýaýran görnüşinde ýüze çykarylan  ilkinji ýagdaýy boldy.
Buzuň gurluşynyň ýigrimiden gowrak görnüşi (fazasy) bar. Täze işde Ih buzy ulanyldy. Şu wagta çenli buzuň bu fazasynyň doly öwrenilendigi aýdylýardy, ýöne synag bu materialyň ozal näbelli häsiýetleriniň bardygyny görkezdi. Şeýle hem alymlar buz özüniň fleksoelektrik häsiýetnamalary boýunça häzirki zaman sensorlarynda ulanylýan keramika meňzeşdigini anykladylar.
Alymlar entek bu açyşyň amaly ulanylyşy barada hiç zat aýtmadygam bolsalar, ol buzuň fleksoelektrikli çabga bulutlarynyň modellerini kämilleşdirmäge kömek etjekdigine, olary has takyk etjekdigine ynanýarlar.
Fleksoelektrik we segnetoelektrik täsirleri öwrenmek boýunça işler üç ýyla golaý dowam etdi. Makalanyň ilkinji neşiri 2022-nji ýylyň dekabrynda peýda boldy , ýöne syn bermek 2025-nji ýylyň tomsunda tamamlandy.


düýn 16:08
2.3k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.7k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.9k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....