Toyota Sienna 2026 çykdy. Başlangyç bahasy ýokarlandy, ýöne ýokarky wersiýalary arzanlady

  • 07.09.2025 23:24
  • 22k+

Toyota Hytaýda Sienna 2026 miniwenini görkezdi. Esasy üýtgeşmeler hataryň we nyrh syýasatynyň täzeden gözden geçirilmegi bilen baglanyşykly boldy. Kompaniýa iň elýeter wersiýany aýyrdy we ýokarky bezeg derejeleriniň bahasyny arzanlatdy.

Awtoulag indi dokuz bezeg derejesinde elýeterli, olaryň bahasy 324,8 müň ýuandan 393,8 müň ýuana (45,4- 55,1 müň dollar) çenli boldy.
Esasy Comfort komplektasiýasy hatardan aýryldy. Şeýlelik bilen, 2.5L Dual Engine 2WD Luxury Edition başlangyç wersiýa boldy. Bu onuň başlangyç bahasyny 299,8 müň ýuan bolanlygyndan (41,9 müň dollar) 324,8 müň ýuana (45,4 müň dollar) çenli ýokarlandyrdy.

Mundan başga-da, täze wersiýa - 2.5L Dual Engine 4WD Premium Edition peýda boldy. Onuň bahasy 17 müň ýuan (2400 dollar töweregi) çenli arzanlan öň tekerleri hereketli 2.5L Dual Engine 2WD Supreme Edition-yň bahasyna gabat gelýär. Iň ýokary derejeli 2.5L Dual Engine 2WD Platinum Edition-yň bahasy hem şol mukdarda arzanlady. Şeýlelik bilen, ýokary wersiýalar has elýeterli boldy, galanlary ownuk gowulaşmalar bilen öňki bahasyny saklap galdy.

Indi ähli bezeg derejelerinde öňki 10,25 dýuýmlygyň ýerine 12,3 dýuýmlyk merkezi displeý goýulýar hem-de ses dolandyryşy goldawly we Carlink interfeýsli multimediýa ulgamy kämilleşdirildi. Platforma Qualcomm Snapdragon 8155P prosessorynda işleýär.
Täze 2.5L Dual Engine 2WD Premium Edition wersiýasyndan başlap, awtoulag duralgasyndan çykylanda çaknyşmak duýduryşy, zolak çalşylanda kömek ulgamy, Bluetooth açary we smartfon üçin simsiz zarýad beriş ulgamy goşuldy.




düýn 21:15
1.3k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....