Hytaýda kosmos üçin kir ýuwujy maşynyň taslamasyny işläp düzdüler

  • 07.09.2025 18:59
  • 3.8k+

Orbitada hepdeläp işleýän kosmonawtlar üçin kir ýuwmak işi iň kyn meseleleriň biri bolmagynda galýar: suw üpjünçiliginiň çäkliligi we enjamlaryň ýetmezçiligi sebäpli, eşikler gaty hapa bolýança geýilýär we soň zyňylýar.

South China Morning Post gazetiniň habar bermegine görä, Hytaýyň kosmos barlaglary we kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň hünärmenleri bu meseläni 800 gram egin-eşik ýuwmak üçin bary-ýogy 400 millilitr suw sarp edýän kir ýuwujy  maşynyň taslamasyny işläp düzmek bilen çözdüler.
Ulgam matanyň üstüne ownuk damjalaryň dumanlaryny sepmek bilen işleýär, şondan soň dezinfeksiýa niýetlenen ozon ulanylýar. Egin-eşikler bir wagtyň özünde galan ozony ýok edýän gyzgyn howa bilen guradylýar. Datçikler we süzgüçler zyýanly gazlaryň we bölejikleriň çykmagynyň öňüni alýar. Modelirlemä görä, sterilizasiýanyň derejesi 99,9% -e ýetýär.
Işläp düzüjiler täze ulgamyň azyndan bäş ýyl hyzmat etjekdigini hasapladylar. Geljekde onuň has uzak möhletli missiýalar üçin niýetlenen prototipini döretmek we tehnologiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Hasaplamalara görä, bu enjamy ulanmak kosmonawtlara eşigi orbita 60% az äkitmäge mümkinçilik berer.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....