Gadymy ýantar daşynda “şahly” garynjalaryň täze görnüşi tapyldy

  • 07.09.2025 18:54
  • 5.6k+

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň alymlary Baltika ýantarynda garynjanyň, takmynan, 37 million ýyl ozal ýaşap geçen näbelli görnüşini tapdylar. Nusga Kaliningrad oblastynyň çäginde tapyldy we ol ganatly ene garynjadyr diýip, TechInsider habar berýär. 

Täze tohum we görnüş Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň 300 ýyllygynyň hormatyna Eridanomyrma unipetropolitana diýlip atlandyryldy.
Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň amaly ekologiýa kafedrasynyň dosenti Dmitriý Dubowikow garynjada üýtgeşik alamatlaryň bardygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, mör-möjekde ýönekeý gözjagazlar (oselliý) - ganatly garynjalaryň köpüsinde bar, uçuş wagtynda olara ugur almak üçin zerur bolan organlar asla ýok. Kellesinde şahlara meňzeýän iki sany simmetrik ösüntgi bar, äňleri bolsa ýyrtyjy arylaryň inçe we öňe çykyp duran ýokarky äňlerine meňzeýär.


Barlagçylaryň pikirine görä, şeýle alamatlar mör-möjekleriň gizlin ýaşaýyş taraplaryny görkezýär. Onuň ösümlikleriň boşluk ýerlerinde ýa-da toprakda gizlenip ýaşan ýyrtyjy bolan bolmagy mümkin ýa-da keseki koloniýalary basyp alýan sosial parazit bolup biler.

"Nusga üýtgeşik, şol döwürde bolup geçen proseslere düşünmek üçin örän möhüm bolan ýaşaýyş ýörelgesi barada alamatlar we pikirler toplumyny aldyk. Eger bu sosial parazitizm bolsa, onda bizde ilkinji mysal bar" – diýip, Dubowikow belledi.

Alymlar tapyndylary 3D printerde döredilen ulaldylan model bilen bilelikde Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň paleontologiýa muzeýine gowşurdylar. Hünärmenleriň bellemegine görä, 34-38 million ýaş aralygyndaky Baltika ýantarynda 190-a çenli garynja görnüşi tapyldy, bu ähli tapylan mör-möjekleriň galyndy görnüşleriniň dörtden birine golaýdyr.
Şepbigiň içinde saklanyp galan mör-möjekler alymlara uzak geçmişiň ekoulgamlaryny täzeden gurmak we käbir toparlaryň ýok bolmagynyň hem-de beýlekileriň gülläp ösmeginiň sebäplerine düşünmek üçin ajaýyp mümkinçilik berýär.


11.05.2026 23:19
3.6k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

10.05.2026 14:09
1.4k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......

07.05.2026 11:10
4.4k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....