Alymlary imperator pingwinleriň ykbaly alada goýýar

  • 27.02.2026 15:56
  • 4k+

Alymlary Antarktikadaky imperator pingwinleriň sany uly alada goýýar. Le Monde gazetiniň habar bermegine görä, guşlar üçin esasy howpy olaryň ýaşamagynyň we köpelmeginiň şerti bolan deňiz buzluklarynyň meýdanynyň azalmagy döredýär.

Geçirilen barlaglar soňky üç ýylyň içinde imperator pingwinleriň süri sanynyň dört esseden hem köp azalandygyny görkezdi. 2022-nji ýylda hemra arkaly alnan suratlarda 100-den gowrak guş topary hasaba alnan bolsa, 2025-nji ýylda olaryň sany bary-ýogy 25-e çenli peseldi.

Buzluklaryň meýdanynyň daralmagy pingwinleri has çäkli ýerlerde ýaşamaga mejbur edýär. Soňky ýyllarda kenarýaka buzluklary guşlaryň tüý çalyşma döwri tamanlanmanka eräp ugrady. Netijede, guşlar adatdakydan has ir ummana girmeli boldular. Olaryň köpüsiniň entek tomus tüýündedikleri sowuk urmadan heläk bolmaklaryna sebäp boldy.

Mundan öň, şu ýyl birnäçe sürüleriniň nesillerini doly diýen ýaly ýitirendigi habar berlipdi. Jüýjeler heniz suwda öz başlaryny çaramaga ýetişmänkäler buzlaryň akymy başlandy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....