Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

  • 27.02.2026 16:38
  • 2.5k+

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir.

Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda. Ol özüniň Bluetooth signalyny golaýdaky smartfonlara geçirýär, soňra onuň ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlar bulut hasaplamalaryna ugradylýar. Netijede eýesi ýitiren zadynyň nirededigini görmäge mümkinçilik tapýar. Xiaomi Tag enjamy Apple Find My we Android Find Hub ulgamlary bilen üpjün edilen.

Enjamda gizlin yzarlanmakdan goranmak funksiýasy hem göz öňünde tutulandyr. Eger treker uzak wagtlap başga biriniň smartfonynyň ýanynda bolsa, ol bu barada duýduryş ugradar. Şeýle-de, Apple ulanyjylary Xiaomi Tag başga bir ýerde galan ýagdaýynda-da, unudylan goşlary hakda duýduryş alyp bilerler.

Enjamyň häsiýetnamalarynyň arasynda IP67 standarty boýunça suwdan we tozandan goraglydygy, 5.4 goldawly Bluetooth hem-de CR2032 batareýasyndan iýmitlenýändigi bellenilýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bir batareýa takmynan bir ýyl işlemek üçin ýetýär. Şunça işi bitirýändigine garamazdan, trekeriň agramy, bary-ýogy 10 grama deňdir.

Häzirki wagtda Xiaomi Tag Malaýziýada 59 ringgit (takmynan 15 dollar) bahadan satylýar. Şeýle-de, onuň dörtlük toplumyny satyn almak mümkinçiligi-de bar.


düýn 17:37
2k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......