ABŞ-da Mark Sukerberg Mark Sukerbergi kazyýete berdi

  • 08.09.2025 13:29
  • 13k+

ABŞ-da Indianapolisden Mark Sukerberg atly bankrot işleri boýunça hukukçy Meta kompaniýasyny kazyýete berdi. Munuň sebäbi Facebook sosial ulgamynda onuň şahsy we iş akkauntlarynyň birnäçe gezek petiklenmegi boldy, çünki ulgam olary korporasiýany esaslandyryjynyň ady bilen gabat gelýändigi üçin galp hökmünde kabul etdi diýip, New York Post ýazýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, soňky 15 ýylda aklawçynyň akkaunty bäş gezek, onuň firmasynyň sahypasy bolsa dört gezek petiklendi. Şol sebäpli ol Facebook-da mahabat üçin berlen, takmynan, 11 müň dollaryny ýitirdi. Ol bu hereketlere çydam etmän, kazyýete ýüz tutmak kararyna geldi.
Onuň aýtmagyna görä, sosial ulgam mahabat üçin töleg alyp, soňra onuň akkauntlaryny petikledi. “Olar men özümi belli şahsyýet hökmünde görkezip, öz hakyky adymy ulanman, jemgyýetçilik kadalaryny bozandyryn öýdýär. Maňa bu habar yzygiderli gelýär” – diýip, şikaýatçy aýdýar.
Öz şikaýat arzasynda Sukerberg ilkinji gezek öz sahypasynyň 2010-njy ýylda petiklenendigini görkezdi. Şondan bäri ol surat, sürüjilik şahadatnamasyny we kredit kartlaryny iberip, öz şahsyýetini ýygy-ýygydan subut etmeli boldy. Sukerberg muny kemsidiji diýip hasaplaýar.
Meta nägileligiň indi gelip gowuşandygyny we derňelýändigini habar berdi. Kompaniýanyň wekili şeýle belledi: “Biz dünýäde diňe bir Mark Sukerbergiň ýokdugyny bilýäris we bu meseläni çözeris”.
Soňra kompaniýa onuň akkauntlarynyň birini dikeldip, petiklenmäniň ýalňyşlykdygyny boýun aldy.

“Biz bu meselede jenap Sukerbergiň sabyrlylygyna ýokary baha berýäris we şeýle ýagdaýyň geljekde gaýtalanmazlygynyň üstünde işleýäris” – diýip, Meta belledi.

Şol bir wagtyň özünde, sosial ulgamdan daşary Sukerberg Meta-nyň baş direktorynyň ady bilen meňzeşlikden zeýrenmeýär. Tersine, munuň gowy taraplary hem bar, mysal üçin, bu restoranda gowy stol bronlamaga kömek edýär diýip, hukukçy degişýär. 


25.06.2026 14:47
4.7k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 19:38
665

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....