Jastin Biber täze Swag II albomyny çykardy. Bu iýuldaky albomynyň dowamy boldy

  • 08.09.2025 16:30
  • 6.5k+

Pop aýdymçysy Jastin Biber Swag II ady bilen täze albom çykardy. Bu aýdymçynyň sekizinji albomy boldy we adyndan görnüşi ýaly, onuň iýulda çykan albomynyň dowamydyr. Albom eýýäm esasy akym hyzmatlarynda diňlemek üçin elýeterli.

Geçenki albomda bolşy ýaly, aýdymçy Swag II-niň çykjakdygyny premýerasyndan birnäçe sagat öň aýtdy. Ol sosial ulgamlarda albomyň daşyny we dünýäniň dürli şäherlerinde goýlan mahabat tagtalarynyň suratlaryny paýlaşdy.
Reliz tehniki kynçylyklar bilen utgaşdy: ilkibaşda albom YouTube Music-de peýda boldy, beýleki platformalarda bolsa gijikdirildi. Biber sosial ulgamlarda muşdaklar bilen bilelikde garaşandygyny we sahypany yzygiderli täzeländigini ýazdy.
Alboma 23 aýdym girdi, olaryň arasynda Tems, Lil B, Bakar, Hurricane Chris we Eddi Benjamin bilen bilelikde döredilen eserler hem bar. 21 aýdymy öz içine alan iýuldaky albomy hasaba alsaň, aýdymlaryň umumy sany 44-e ýetdi. Diňleýjiler alboma oňyn baha berdi, aýratynam, I Do aýdymy tapawutlandy – ony “ajaýyp toý aýdymy” diýip atlandyrýarlar.  

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......