“Tottenhemiň” ýolbaşçysy 25 ýyldan soň wezipeden aýryldy

  • 08.09.2025 13:25
  • 5.9k+

Londonyň “Tottenhem” futbol kluby Deniel Lewiniň 25 ýyl bäri eýelän başlyk wezipesinden gidendigini habar berdi. Ol Angliýanyň premýer-ligasynyň toparlarynyň arasynda iň köp işlän ýolbaşçy boldy.

Indi bu wezipäni klubuň esasy paýdary bolan Lýuis maşgalasynyň bähbitlerine wekilçilik edýän Piter Çarrington eýeledi. Şol bir wagtyň özünde, “Tottenhemiň” eýeçilik gurluşy we paýdarlaryň düzümi üýtgemedi.
Lewi kluba 2001-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk etdi. Bu döwürde klub döwrebap stadion we türgenleşik bazasyny gurdy, “Tottenhem” çempionatyň iň güýçli toparlarynyň birine öwrüldi we soňky 20 möwsümde 18 gezek ýewrokuboklara gatnaşdy, 2019-njy ýylda bolsa Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. Muňa garamazdan, soňky 24 ýylda topar diňe iki möhüm kubok gazandy – 2008-nji ýylda Liganyň kubogy we 2025-nji ýylda Ýewropa ligasy. Geçen möwsümde Angliýanyň çempionatynda topar 17-nji orny eýeledi.
Häzirki möwsümde “Tottenhem” üç tapgyrdan soň Angliýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde dördünji orny eýeleýär.
The Athletic-iň maglumatlaryna görä, Lewiniň işden gitmegi paýdarlaryň strategiýasyna gaýtadan seredilmegi bilen baglanyşykly boldy. Ýylyň başynda Lýuis maşgalasy ýagdaýy seljermek we täze çemeleşmeleri işläp düzmek üçin Gibb River konsalting kompaniýasyny çagyrdy. Klubda kadr üýtgeşmeleri hem geçirildi: täze baş direktor Winaý Wenkateşam bellenildi, futbol direktory Skott Man işden çykaryldy, Enj Postekoglunyň deregine bolsa baş tälimçi Tomas Frank boldy.
Neşir klubda esasy üýtgeşmeleriň Lewi gitmezden mümkin bolmandygyny belleýär. Indi esasy üns Lýuis maşgalasynyň meýilnamalaryna gönükdirilýär. Maýa goýumlary çekmek üçin paýnamalaryň bir bölegini satmak pikiri ara alnyp maslahatlaşylýar, ýöne klub eýelerini doly çalyşmak barada gürrüň entek ýok.


düýn 23:57
1.1k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
8.3k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......