Karlos Alkaras US Open-iň finalynda Ýannik Sinnerden üstün çykdy

  • 08.09.2025 11:36
  • 2.7k+

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras erkekleriň arasynda geçirilen ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň (US Open) ýeňijisi boldy. Ol finalda italiýaly Ýannik Sinneri dört setde 6:2, 3:6, 6:1, 6:4 hasabynda utdy.

22 ýaşly türgen üçin bu “Uly tuwulga” ýaryşlarynda altynjy titul boldy. Şu möwsümde ol “Rolan Garrosyň” hem ýeňijisi bolupdy.
Alkarasyň garşydaşy, 24 ýaşly Sinner ýeňiş gazanan ýagdaýynda “Uly tuwulga” ýaryşlaryndaky ýeňişleriniň sany boýunça hasaby deňlärdi, ýöne häzirlikçe onuň hasabynda dört titul bar.
Belläp geçsek, Alkaras we Sinner täze tennis şalary hasaplanýar. Olar geçen we häzirki möwsümiň sekiz esasy ýaryşynyň ählisinde ýeňiji titullaryny özara paýlaşdy.
Şahsy duşuşyklarda hasap ispaniýalynyň peýdasyna 10-5 boldy.
US Open-däki ýeňşiniň netijesinde Alkaras dünýä reýtinginiň birinji setirine gaýdyp gelip, Sinneri gysyp çykarar. Onuň üçin bu häzirki möwsümde ýedinji we karýerasynda 23-nji titul boldy. Ol ýeňşi üçin 2000 reýting utugyny we 5 mln dollar gazanar. Sinner finalçy hökmünde 1300 utuk we 2,5 mln dollar alar.


22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......