Huawei 546 dollar bahadan MatePad Mini planşetini hödürledi

  • 07.09.2025 19:34
  • 1.9k+

Huawei kompaniýasy diagonaly 8,8 dýuým ekranly ykjam MatePad Mini planşetini hödürledi.

Gurluş täzelenme ýygylygy 120 Gs we iň ýokary ýagtylygy 1800 kd/m2 bolan 2560 × 1600 piksel durulykda OLED displeýine eýe boldy. Bu görkezijiler boýunça planşet RedMagic Astra (1600 kd/m²) we Apple iPad mini 7 (500 kd/m²) ýaly bäsdeşler bilen deňleşýär.
Planşet 32 Mp frontal kamera we iki esasy kamera: ƒ/1.8 optikaly 50 Mp we ƒ/2.2 optikaly 8 Mp ultra giňburçly kamera bilen üpjün edildi. MatePad Mini planşeti BeiDou ulgamy arkaly hemra aragatnaşygyny, öýjükli aragatnaşygy we Wi-Fi 7-ni goldaýar.
Planşetiň agramy 255 gram bolup, ölçegi – 198 × 127 × 5,1 mm barabar. Akkumulýator sygymy 6400 mA/sag bolup, USB-C porty arkaly 66 Wt kuwwatly simli zarýad göz öňünde tutuldy.
12 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly modeliň bahasy 3899 ýuana (takmynan, $546), 512 GB ýatly wersiýa – 4399 ýuana (takmynan, $617) durýar. Şeýle-de, 4899 ýuandan (takmynan, $687) öçügsi ekranly PaperMatte görnüşi çykaryldy.
Häzirlikçe MatePad Mini diňe Hytaýda elýeterli. Kompaniýa onuň beýleki bazarlara çykjakdygy barada maglumat bermeýär.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...