Kosmosdan dünýäniň iň beýik dag derýasynyň ugrunyň nähili üýtgändigini görkezdiler

  • 07.09.2025 19:15
  • 11k+

Tibetdäki Ýarlung Zangbo derýasy ortaça 4000 metr belentlikden akýar, bu bolsa ony dünýäniň iň beýik derýasyna öwürýär. Ýol ugrunda ol 6000 metrden gowrak çuňlukdan - Arizonadaky Uly kanýondan üç esse diýen ýaly uly, planetanyň iň çuň gurak kanýonyndan akyp geçýär.

Ýarlung Zangbo köp şahaly derýa bolup, Landsat hemralary soňky onýyllykda onuň hanasynyň ugrunda ep-esli üýtgeşmeleriň bolandygyny hasaba aldy.
Derýa Gimalaý daglarynyň demirgazyk etegindäki Angsi buzlugyndan gözbaş alýar we günbatardan gündogara Tibet daglygynyň hem-de Hindi we Ýewraziýa tektoniki plitalarynyň birleşýän Hindi-Ýarlung suturasynyň üstünden akýar. Hut şu çaknyşyk hem Gimalaý daglaryny döredipdir. Sebit seýsmiki taýdan işjeň bolmagynda galýar. Derýa daglardan çökündileri alyp gaýtmak bilen, oba hojalygy we ekoulgamlar üçin amatly topraklary döredýär.
Soňra Ýarlung Zangbo birden günorta - Hindistanda Brahmaputra diýlip atlandyrylýan ýere tarap öwrülýär. Ahyrynda derýa Gang bilen birleşip, dünýäniň iň uly derýa deltasyny emele getirmek bilen Hindi ummanyna guýýar.


22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...