Sobolenko Anisimowany utup, yzygider ikinji gezek US Open-iň ýeňijisi boldy

  • 07.09.2025 19:48
  • 5.9k+

Dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko yzygider ikinji gezek ABŞ-nyň Açyk çempionatynda (US Open) ýeňiji boldy. Ýaryşyň finalynda belarusly tennisçi dünýäniň dokuzynjy raketkasy, amerikaly Amanda Anisimowany 6:3, 7:6 (7:3) hasabynda utdy.

27 ýaşly Sobolenko üçin bu US Open-iň yzygider üçünji finaly boldy: 2023-nji ýylda ol Kori Gauffdan utuldy, ýöne 2024-nji we 2025-nji ýyllarda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, ol iki gezek Australian Open-de ýeňiji boldy (2023, 2024). Indi onuň hasabynda “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň dört tituly we WTA-nyň howandarlygynda geçirilen ýekelikdäki ýaryşlarda 21 ýeňiş bar.
US Open-iň finalyna çykmak üçin belarusly tennisçi Rebeka Masarowany (Şweýsariýa), Polina Kudermetowany (Russiýa), Leýla Fernandesi (Kanada), Kristina Bukşany (Ispaniýa), Marketa Wondrouşowany (Çehiýa) we Jessika Pegulany (ABŞ) utdy.
Erkekler ýaryşynyň finaly Italiýadan dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner bilen Ispaniýadan dünýäniň ikinji raketkasy Karlos Alkarasyň arasynda geçer. 145-nji US Open-iň baýrak gaznasy rekord 90 mln dollara barabar.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......