Ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary boldular

  • 07.09.2025 23:07
  • 12k+

Halkara we ýurt derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijileri, şeýle hem ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna talyplyga kabul edildi. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna kabul edilenleriň arasynda 1 halkara derejeli sport ussady, sport ussatlygyna dalaşgärleriň 34-si, halkara ýaryşlarynyň ýeňijileriniň 43-si, ýurt derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijileriniň 149-sy, welaýat derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijileriniň 146-sy bar.
Bulardan başga-da, ýaş türgenleriň 194-si ýurduň milli ýygyndy toparlarynyň agzalarydyr, şeýle-de öňdebaryjy toparlaryň wekilleridir. Sport mekdebiniň uçurymlarynyň hem 33-si bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň hataryna goşuldy.
Şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynda, Türkmenistanyň çempionatlarynda we kubok bäsleşiklerinde üstünlik gazanan, milli ýygyndy toparlaryň düzüminde çykyş eden dalaşgärleriň görkezen netijeleri hem seljerildi. Olaryň sport ýolundaky üstünlikleri talyplyga kabul etmekde möhüm artykmaçlyk hökmünde nazara alyndy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan teklip edilen düzgünlere laýyklykda, ukyply we taýýarlykly uçurymlar giriş synaglarynda üstünlik gazandylar.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....