Kanada Neuralink beýni çiplerini oturtmak boýunça ABŞ-dan soň ilkinji ýurt boldy

  • 08.09.2025 13:19
  • 2.4k+

Kanada ABŞ-yň çäginden daşarda Neuralink beýni implantlaryny oturtmak boýunça ilkinji ýurt boldy. Torontodaky uniwersitet hassahanasynda oňurgasy şikes alyp, ysmaz bolan iki näsag pikirleri bilen kompýuteri dolandyrmagy öwrenmäge mümkinçilik berýän implantlary aldy.

Şular ýaly ilkinji operasiýalar 27-nji awgustda we 3-nji sentýabrda Kanadada geçirildi diýip, Global News habar berýär. Ilon Maskyň Neuralink başlangyjy klinikany iň inçe elektrodlary beýni bardasyna ýokary takyklyk bilen ýerleşdirip bilýän ýöriteleşdirilen robot bilen üpjün etdi.
Kanadada Neuralink-iň kliniki synaglary resmi taýdan geçen ýylyň noýabr aýynda başlandy. Täze meýletinçileri gözlemek işi ilkinji üstünlikli implantasiýalardan soň hem dowam etdiriler. Ozal şeýle operasiýalar diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilipdi, bu ýerde 2024-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ýedi hassa implant aldy.
Şonuň ýaly-da, Neuralink görüşi bölekleýin dikeltmek üçin enjamyň üstünde işleýär. Ilon Mask şeýle implantanyň ilkinji prototipiniň geljek ýyl geçiriljek kliniki synaglaryň çäklerinde ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ol görüşi doly dikeldip bilmez, emma kör hassalaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.


15.08.2025 17:01
8.6k+

Kanadada bir zenanyň göz hanasyna diş oturdyp, görüşini dikeltdiler

Kanadanyň Wankuwer şäherinde oftalmolog Greg Moloni adaty bolmadyk operasiýany etdi. Ol 75 ýaşly Geýl Leýniň göz hanasyna dişi implant etdi we onuň görüşini dikeltdi. Lukmançylykda seýrek duşýän bu prosedura osteo-odontokeratoprotezlemek diýilýär diýip, ýerli CBC radiostansiýasynyň web sahypasy habar berýär...

14.06.2022 10:10
13k+

Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo koronawirus bilen keselledi

Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudonyň koronawirus barlagy položitel çykdy. Bu barada ol Twitter sahypasynda habar berdi. «Meniň COVID-19-a barlagym položitel çykdy», — diýip, Trýudo ýazypdyr. Ol köpçülikden...

düýn 18:05
2.2k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......