SpaceX Falcon 9 raketalarynyň uçuş sanyny 120-ä çenli artdyrmaga rugsat aldy

  • 08.09.2025 13:21
  • 3k+

SpaceX Floridadaky Kanaweral burnundan Falcon 9 raketalarynyň uçuş sanyny ep-esli artdyryp biler. ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) ekologiýa synyny tamamlady, bu hem kompaniýa uçuşlaryň sanyny ýylda 50-den 120-ä çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi diýip, TechCrunch habar berýär.

Mundan başga-da, düzgünleşdiriji Falcon 9-yň ilkinji basgançaklary üçin täze gonuş meýdançasyny döretmäge rugsat berdi. Ol ýylda 34 basgançagy kabul edip biler. Synyň netijesi boýunça, üýtgeşmeleriň “daşky gurşawyň hiline düýpli täsir etmejekdigi”, mümkin bolan täsirleri bolsa gorag çäreleriniň kömegi bilen azaltmagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.
Şol bir wagtyň özünde, SpaceX gurluşyk hem-de deňiz pyşdyllary üçin howpsuz gijeki yşyklandyryşy ulanmak üçin goşmaça rugsat almaly bolar.
Bellenilişi ýaly, kosmodromdan hapa suwlaryň golaýdaky howdanlara düşmek ähtimallygy örän pes. Ozal uçuş wagty gyzgynlygy azaltmak üçin uçuş meýdançasyna uly mukdarda suw sepýän ulgam jedellere getiripdi. Tehasda ekologiýa guramalary SpaceX-e hapa suwlary akdyrmaga rugsat beren ýerli edaralary kazyýete berdi.
Meýilnamalary durmuşa geçirip başlamak üçin SpaceX-e häzirki uçuş ygtyýarnamalaryna üýtgeşme girizmek gerek. ABŞ-nyň Harby-howa güýçleri hem rugsat bermeli, çünki uçuş meýdançasy Kosmos güýçleriniň çäginde ýerleşýär. Munuň bilen bir hatarda kompaniýa Kaliforniýadaky Wandenberg bazasyndan uçuşlaryň sanyny köpeltmek we Starship raketalaryny ýygy-ýygydan uçurmak isleýär. 


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....