Werstappen Italiýanyň Gran-prisini utdy, Norris – ikinji, Piastri – üçünji

  • 08.09.2025 12:01
  • 2.3k+

“Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen 7-nji sentýabrda Monsada geçirilen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy.

Niderlandly ýaryşa gatnaşyjy pouldan başlady, ýöne ilkinji aýlawlarda Lando Norrisden (“Maklaren”) yza galdy. Soňra Werstappen birinji orna gaýdyp gelip, ynamly ýeňiş gazandy.
Soňky aýlawlarda Oskar Piastri (“Maklaren”) Norrisiň pit-stopda eglenmeginiň netijesinde ikinji orna çykdy, ýöne toparyň buýrugy bilen bu orny ýoldaşyna gaýtaryp berip, pellehana üçünji bolup geldi.
“Ferrari” öý ýaryşynda münberi eýeläp bilmedi: Şarl Lekler dördünji boldy, Lýuis Hemilton bolsa altynjy netijäni görkezdi. Bäşinji orny Jorj Rassell (“Mersedes”) eýeledi.
Çempionatda Italiýanyň Gran-prisinden soň 324 utuk bilen Oskar Piastri öňde barýar, ikinji orunda Lando Norris – 293, üçünji orunda Maks Werstappen – 230 ýerleşýär.
Konstruktorlaryň kubogynda “Maklaren” uly tapawut bilen birinji orny eýeleýär – 617 utuk. Onuň yzyndan “Ferrari” (280), “Mersedes” (260) we “Red Bull” (239) gelýär. 


şu gün 07:51
1.4k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

27.05.2026 18:20
7.2k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....

25.05.2026 23:07
9.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....