7.4k+

Jeep iň äpet modeliniň täzelenmesini taýýarlaýar

Jeep kompaniýasy adaty ýollardan daşary niýetlenen Grand Wagoneer ulagynyň premýerasyna taýýarlanýar. Markanyň flagmany hasaplanýan bu model kuzowyň üýtgedilen öň bölegine we gibrid ulgama eýe bolar. Hödürlenen suratlarda ykjam radiator gözenegi, täze yşyklandyryş enjamlary, uly howa ýygnaýjylary bilen ulaldylan bamper we kapotda üýtgedilen ýazgy görünýär...

10k+

Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlarynyň sany günde 6 gezege çenli artdyryldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenbaşy halkara howa menziline uçuşlaryň ýygylygyny günde 6 uçuşa çenli artdyrdy. 11-nji awgustdan «Awaza» milli syýahatçylyk merkezinde dynç almak isleýän raýatlaryň barha artýan islegini kanagatlandyrmak üçin Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugrunda goşmaça uçuşlar girizildi diýip, awiakompaniýa habar berýär...

12k+

Mekdep bazaryndan nobatsyz we yssyda çykmazdan ALSAT.com.tm-den lomaý satyn alyň

Awgust. Kölegede +39°C. Bazarda eliňiz torbaly gezip ýörsüňiz, çagajyk elindäki şepbeşik doňdurmanyň eremegine gynanç bilen seredýär. Bu ýagdaý size tanyşmy? Ene-atalaryň aglabasynyň mekdep harytlary üçin bazarlaýşy şeýleräk ýagdaýda bolýar: yssy, mähelle, meýilleşdirilen çäkden artyk söwda etmezlige çalyşmak… HAS AMATLY USUL BAR: ALSAT...

7.3k+

“Barselona” “Komony” utup, Žoan Gamperiň Kubogyny gazandy

"Barselona” möwsümden öňki taýýarlygyny Žoan Gamperiň Kubogy ugrunda “Komo 1907” toparyna garşy oýun bilen tamamlady. Bu Seriýa A ligasyna täze goşulan topar bolup, oňa kataloniýalylaryň öňki oýunçysy Sesk Fabregas tälim berýär...

3.1k+

BMG-niň Awazada geçirilen maslahaty dünýä metbugatynyň sahypalarynda şöhlelendirildi

5 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Ol dünýäniň deňze göni çykalgasy bolmadyk 32 ýurdy üçin köpugurly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm halkara meýdança bolup hyzmat etdi...

8.2k+

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Awazada BMG-niň maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenbaşy şäherindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen gutlap, minnetdarlyk hatlaryny iberdi...

10k+

UEFA Lewandowski bilen Ýamala doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy

UEFA “Barselonanyň” iki oýunçysyna geçen möwsüm Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň “Intere” garşy jogap oýnundan soň doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy. Bu barada AS gazeti habar berdi. Katalon klubunyň hüjümçileri Lamin Ýamal we Robert Lewandowski doping işgäriniň görkezmesini berjaý etmedi we düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda derrew barlag nokadyna gelmedi...

22k+

Türkiýede 6,1 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi

Türkiýäniň günbataryndaky Balykesir şäherinde 6,1 bal ululykda ýertitreme hasaba alyndy. Bu barada respublikanyň Içeri işler ministrliginiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentine (AFAD) salgylanyp, TRT Haber habar berýär...

13k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (11.08 - 17.08)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gul­­lugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aş­ga­bat­da az-kem bu­lut­ly, hep­dä­niň ikin­ji ýa­ry­myn­da üýt­gäp dur­ýan bu­lut­ly ho­wa bo­lup, az-kem ýa­gyş ýa­gar...

11k+

Pompeýde Wezuwiý atylandan soň hem ýaşalandygynyň subutnamalary tapyldy

Arheologlar b.e. öňki 79-njy ýylda Wezuwiniň atylmagy zerarly weýran bolan Pompeýde betbagtçylykdan soň hem ýaşaýyşyň gaýtadan dowam eden bolmagynyň mümkindigini görkezýän alamatlary tapdylar diýip, täze gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine salgylanýan ScienceAlert neşiri habar berýär...

3k+

WSJ: ChatGPT käte ylmy däl pikirleri berýär

The Wall Street Journal neşiri kähalatlarda ChatGPT ýaly emeli aňly ulgamlaryň adama nädogry ýa-da geň pikirleri berýändigini, bu ýagdaýyň bolsa ulanyjylarda alada döredýändigini habar berdi. Neşiriň berýän maglumatlaryna...

7.7k+

Arheologlar 6 müň ýyllyk täsin agaç eli tapdylar

Arheologlar Serteý jülgesiniň (Russiýanyň Smolensk oblasty) torfly oturymly ýerlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda agaçdan ýonulyp ýasalan antropomorf eli tapdylar. Tapyndy Döwlet Ermitažynyň Demirgazyk-Günbatar ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan ýüze çykaryldy...

2.2k+

Volkswagen T-Roc-yň täze nesli resmi tanyşdyrylyşdan öň görkezildi

Volkswagen kompaniýasy sentýabr aýynda Mýunhen awtoulag sergisinde T-Roc krossoweriniň ikinji neslini görkezmäge taýýarlanýar. Şeýle-de bolsa, täze modeliň daşky we içki suratlary eýýäm internetde peýda boldy. Hytaýyň AutoHome neşiri suratlaryň nireden gelendigini görkezmezden,  neşir etdi...

3.1k+

Türkmen alymlary ýyladyşhanalar üçin uniwersal suwuk dökün işläp taýýarlaýarlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda ýyladyşhanalar üçin KAS-28, -30 we -32 suwuk dökünleriniň döredilmegi boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, täze önümiň düzüminde kaliý, azot, ammiak selitrasy we beýleki peýdaly goşundylary bar...