Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

  • 29.10.2025 13:52
  • 6.1k+

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

18 gatly bina 3411 South Atlantic Avenue salgysynda, deňziň golaýynda ýerleşer. Jemi meýdany 20 müň inedördül metrden geçýän 86 ýaşaýyş jaýy ýerleşdiriler. Ýokarky iki gatda «ultra-lýuks» derejesindäki sekiz gatly penthaus ýerleşer, iki gat bolsa awtoulag duralgasy üçin niýetlenendir.
Ýaşaýjylara deňze  gönüden-göni çykalga, restoranlar, çörek bişirilýän ýer we beýleki premium hyzmatlar hödürlener. Penjiräniň daşyndan Atlantik ummanyna we golaýdaky binalara ajaýyp görnüş açylar.
Aston Martin-iň brend ösüşi boýunça direktory Stefano Saporetti bu taslamanyň kompaniýanyň «awtoulag dünýäsiniň çäginden çykyp, müşderilere özboluşly ýaşaýyş durmuşyny hödürlemek islegini» görkezýändigini belledi.
Gurluşygy 2029-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.

şu gün 12:20
2.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

düýn 19:45
1.4k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

düýn 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.6k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......