Umar Nurmagomedow UFC-niň çempiony adyna esasy dalaşgär boldy

  • 30.10.2025 11:45
  • 11k+

Garyşyk söweş sungatynyň russiýaly wekili Umar Nurmagomedow UFC-niň ýeňil agram derejesinde söweşijileriň sanawynda birinji basgançaga galdy.

Bu agram derejesinde hereket edýän çempion adyny  gruziýaly Merab Dwalişwili saklap gelýär, emma Nurmagomedow indi çempionlyk üçin esasy dalaşgär hasaplanýar.
Mundan ozal Umar sanawda ikinji orunda durýardy. 29 ýaşly türgeniň ýakynda amerikaly Mario Bautistany ýeňmegi onuň 
reýtinginiň ýokarlanmagyna täsir etdi. Netijede, Nurmagomedow ABŞ-nyň wekili Şon O’Melliden öňe geçdi.
Häzirki wagtda bu agramdaky ilkinji bäşlik şundan ybarat:

  1. Umar Nurmagomedow (Russiýa)
  2. Şon O’Melli (ABŞ)
  3. Pýotr Ýan (Russiýa)
  4. Kori Sendhegen (ABŞ)
  5. Sun Ýadun (Hytaý)

düýn 23:43
5.5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......