27-nji oktýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Durnukly ösüş maksatlary: okatmagyň usulyýeti we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Forum 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň ilçisi Çynar Rüstemowa, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon, ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň Florensiýa şäherindäki şahamçasynyň direktory Fabrizio Rikiardelin, Westminster uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Endrýuw Lin, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň ilçisi Atageldi Haljanow, ÝUNESKO-nyň bilimde maglumatlar tehnologiýalary boýunça institutynyň direktory Tao Žan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň italýan dili mugallymy Jowanna Farçi ýaly hormatly myhmanlar, şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň giriş sözi bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Maral Kuliýewa çykyş etdi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Durnukly ösüş maksatlary üçin okatmagyň usulyýetleri we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary we täze usullary peýdalanyp, bilim ulgamyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Maslahatyň dowamynda “Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwrenilişini çaltlandyrmak (AELLCA)” maksatnamasynyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine Westminster uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi ýörite şahadatnama gowşurdy.
Çykyşlaryň dowamy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň “Owaz” aýdym-saz toparynyň we “Dostluk” tans toparynyň işjeň agzalarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi.