Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BSG-niň forumyna gatnaşdy

  • 29.10.2025 17:53
  • 3.8k+

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bütindünýä Söwda Guramasy bilen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) bilelikde guran «CAREC sebiti we köptaraplaýyn söwda ulgamy: Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda integrasiýany çuňlaşdyrmak» atly ýokary derejeli forumyna gatnaşdy. Forum 22–23 oktýabr aralygynda Ženewada BSG-niň baş edarasynyň binasynda geçirildi.

Forumda eden çykyşynda B.Ýalakow Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna tapgyrlaýyn integrasiýasynyň ähmiýetini belläp, milli kanunçylygyň BSG kadalaryna laýyk getirilmeginiň hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň berkitilmeginiň ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde ileri tutulýan ugurlardygyny nygtady.
Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy bolup geçdi. Duşuşykda Türkmenistanyň BSG-a girmegi boýunça alnyp barylýan işler, agza döwletleriň tejribesiniň öwrenilmegi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlar tarapyndan tehniki we maslahat goldawynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......