Türkmenistan we GIZ ekologiýa maksatnamalary boýunça täze ylalaşyklara gol çekdiler

  • 30.10.2025 10:59
  • 2.6k+

Aşgabatda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) iki sany sebit maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalara Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow hem-de GIZ-iň ýurdumyzdaky çäreleriniň utgaşdyryjysy bolup çykyş edýän Ýoahim Fris gol çekdiler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Dabara Howa howplary boýunça maksatnamanyň biriniň müdiri Sergeý Makarow, geňeşdarlar – Amangül Öwezberdiýewa we Gülnar Mergenowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de ekologiýa edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçysy Ç.Babanyýazow GIZ-iň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny, ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we onuň mundan beýläk hem dowam etdirilmegine umyt baglaýandygyny nygtady.

«Biz ýer serişdelerini durnukly dolandyrmaga we howa şertlerine durnuklylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize buýsanýarys. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz Merkezi Aziýanyň has durnukly geljegi üçin umumy jogapkärçiligi görkezýär» diýip, GIZ-iň Türkmenistandaky işiniň utgaşdyryjysy Ýoahim Fris aýtdy:

Maksatnamalaryň ikisi hem sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekde we Türkmenistanyň döwlet ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, tebigy baýlyklary gorap saklamak, ýer we suw serişdelerini ulanmakda utgaşykly çemeleşmeleri öňe sürmek, betbagtçylyk howpuny azaltmak, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk netijeli tejribeleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça tagallalaryny goldamakda özara baglanyşykly hereket edýär. 


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......