ABŞ-da Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kraça institutynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy

  • 30.10.2025 09:57
  • 2.2k+

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Waşington şäherinde Bütindünýä bankynyň hem-de Perdýu uniwersitetiniň ýanyndaky Kraç Tehnologik Diplomatiýa institutynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdi.

Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen geçirilen gepleşiklerde bilim ulgamy arkaly “bilim ykdysadyýetini” ösdürmegiň, bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň hem-de ykdysady meýilleşdirme, hünärmenleriň taýýarlygy, ylmy-barlag işleri we tehnologiýa transferi arasyndaky baglanyşyklary berkitmegiň amaly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bütindünýä banky tarapyndan duşuşyga Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça adam maýasy ulgamynyň sebitleýin direktory Mihal Ý. Rutkowski, 24-nji ofisiň ýerine ýetiriji direktory Beatrise Mazer, şeýle hem bilime degişli baş ykdysadyýetçiler Mariýa Marta Ferreýra, Sauraw Dew Batta we Siro Nakata gatnaşdylar.
Gepleşikleriň gün tertibine Bütindünýä bankynyň analitiki gurallaryny we usullaryny (ASA, SABER, STEP, LMI, HEMIS) ulanmak we ýokary hem-de hünär bilimi ulgamlarynda dolandyryş çözgütleri üçin integrirlenen platformany ýola goýmak boýunça taýýarlyk işleri girizildi.
Perdýu Uniwersitetiniň ýanyndaky Kraç Tehnologik Diplomatiýa institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen geçirilen duşuşykda emeli aň, energetika, döwrebap önümçilik, ýarymgeçirijiler we sanly bilim ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň amaly görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Institut öz çykyşynda «ygtybarly tehnologiýalar» konsepsiýasyny, şeýle hem ylmy düzümler, biznes we döwlet dolandyryşy arasynda hünärmenleri taýýarlamak babatyndaky çemeleşmesini hem-de Perdýu Uniwersitetiniň onlaýn-bilim mümkinçiliklerini hödürledi. Türkmenistanyň wekilleri ykdysady meýilleşdirme, zähmet bazary we bilimiň özara sazlaşygyny üpjün etmegiň möhümdigini nygtadylar.
Taraplar emeli aň, maglumat seljermesi, kiberhowpsuzlyk we inženerçilik ugurlary boýunça synag onlaýn-programmalary bilelikde taýýarlamak hem-de bilimiň statistikasyny we zähmet bazarynyň isleglerini özünde birleşdirýän bitewi maglumat arhitekturasy boýunça bilelikde işlemegi ylalaşdylar.
Gepleşiklere Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Perdýu Uniwersitetiniň degişli bölümleriniň wekilleri gatnaşdylar.


düýn 18:58
1.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.1k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......