ABŞ-da Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we AC Language School kompaniýasynyň wekilleri duşuşdylar

  • 29.10.2025 12:03
  • 6.9k+

28-nji oktýabrda ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew AC Language School kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyga kompaniýanyň hökümet we operasion meseleleri boýunça jogapkär wekili Angeles Çawes hem-de degişli hünärmenler gatnaşdy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň goldawynda geçirildi.

Taraplar amaly hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny tassyklap, synag bilim taslamalaryny başlatmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns orta hünär we ýokary bilim edaralarynda çäklendirilen möhletli synag taslamanyň amala aşyrylmagyna gönükdirildi. Önümçilik tejribeligi bilen ýakyn ulgamlarda — syýahatçylyk, tehnologiýa, inženerçilik, energetika we oba-hojalyk pudaklarynda synag geçirilmegi teklip edildi.
Duşuşykda mugallymlary taýýarlamak meselesi-de ara alnyp maslahatlaşyldy: train-the-trainer modeli, metodiki goldaw, okuw-materiallary we netijeli synag bilen bir wagtda üstünlikli tejribeleri giňeltmek mümkinçiligi göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem programmalaryň lokalizasiýasy we elýeterliligi, mazmunyň pudak aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrylmagy, dil goldawy, çäkli internet bilen işlemek mümkinçilikleri we dürli derejeli sanly başarnyklara eýe ulanyjylara amatly interfeýs meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilim modullarynyň hünär standartlaryna gabat gelmegi, sertifikasiýanyň aç-açanlygy we okuw maglumatlarynyň dolandyryş analitikasynda ulanylmagy, maglumat goragynyň talabyna laýyklykda göz öňünde tutuldy.
Duşuşygyň netijesi boýunça AC Language School synag taslama boýunça gysgaça konseptual hat taýýarlar.


düýn 23:39
684

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......