Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

  • 29.10.2025 11:35
  • 2.7k+

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady.

Kampaniýanyň çäginde Kia degişme äheňinde çäkli mukdarda awtoulag kabinasyna goýulýan ys beriji önüm çykardy — ol benzin ysyny berýär. Ys çykaryjy kanistr şekilinde döredildi. Kompaniýa ony “abstinent sindromyndan (bir zada öwrenişip, birden aýrylandaky ýagdaý) ejir çekýänler üçin tiz kömek” diýip atlandyrýar.
Ys finlýandaly parfýumer Maks Perttula tarapyndan döredildi. Ol, esasy ys hökmünde metal nyşanlary bolan motor ýagynyň ulanylandygyny, üstüne ýeňil jasmin we berýoza galyndynyň goşulandygyny aýtdy. Tyyliniekka neşirine beren interwýusynda, ol bu ys arkaly awtoserwis bilen baglanyşykly ýatlamalary döretmegi maksat edinendigini diýdi.
Mundan öň hem awtoulag öndürijiler täsin ysly parfýumlary çykaryp, klassik awtoulag muşdaklaryny degişme usulda haýran galdyrýardylar. Mysal üçin, geçen ýyl Nissan ýanýan rezin ysly parfýum çykarypdy.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......