Türkmenistan Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň maslahatynda ileri tutýan ugurlaryny hödürledi

  • 30.10.2025 11:08
  • 3.7k+

ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasy köp wagtdan bäri ilkinji gezek guramanyň ştab-kwartirasyndan daşynda geçirilýär — 43-nji gezek geçirilýän bu forumy Özbegistanyň Samarkant şäheri kabul etdi. 29-njy oktýabrda konferensiýanyň çäginde ÝUNESKO agza döwletleriniň milli komissiýalarynyň 12-nji sebitara maslahaty geçirildi.

Bu çärede Türkmenistana ÝUNESKO-nyň işler boýunça Türkmenistanyň Milli komissiýasynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstamowa wekilçilik etdi.
Maslahata ÝUNESKO-nyň baş direktorlarynyň orunbasarlary, guramanyň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem agza ýurtlaryň milli komissiýalarynyň jogapkär sekretarlary gatnaşdylar.
Maslahatyň açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň birinji orunbasary Sin Çýu, ÝUNESKO-nyň Afrikada we daşarky gatnaşyklarynda iş alyp barýan baş direktorynyň orunbasary, şeýle hem Özbegistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň we Özbegistanyň sungat we medeniýeti ösdürmek gaznasynyň başlygy, Prezident adminstrasiýasynyň döredijilik ykdysadyýet we syýahatçylyk boýunça bölüm ýolbaşçysy Gaýane Umerowa çykyş etdiler.
Maslahatyň gün tertibine dört mowzuklaýyn sessiýa girizildi. Olar ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, parahatçylygy we jemgyýetçilik bitewiligini berkitmek, sanly eýýamda medeniýetleriň birleşdirmek, durnukly syýahatçylygy we mirasy gorap saklamagy ösdürmek, şeýle hem milli komissiýalaryň gatnaşyklaryny we tejribe alyşmagyny kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanyldy.
Maslahatyň üçünji sessiýasynyň çäginde Çynar Rüstamowa çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO boýunça Milli komissiýasynyň möhüm ugurlary barada gürrüň berdi we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna işjeň gatnaşmagynyň halklar arasyndaky özara düşünmegi güýçlendirýändigi we bilimde, ylymda, medeniýetde we kommunikasiýada umumy maksatlaryň öňe ilerlemegine goşant bolýandygy bellenildi.


şu gün 19:38
234

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
188

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......