Hytaýda haýran galdyryjy arzan bahadan täze Toyota Corolla Cross satuwa çykaryldy

  • 30.10.2025 14:40
  • 11k+

Hytaýda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilýän täzelenen Toyota Corolla Cross krossoweriniň satuwy başlandy.

Täze modeliň bahasy 126 800–159 800 ýuan aralygynda (takmynan 17 800–22 500 dollar). Ýöne ýylyň ahyryna çenli ýörite teklip bar: krossoweriň 2,0 litrlik hereketlendirijili we wariatorly esasy wersiýasyny diňe 96 800 ýuana (takmynan 13 600 dollar) satyn alyp bolýar, diýip ITHome habar berýär.
Täzelenen Corolla Cross iki görnüşde hödürlenýär: 2,0 litrlik benzinli hereketlendirijili we elektromehaniki wariatorly gibrid. Gibrid wersiýasynyň ortaça ýangyç sarp edilişi 100 km-de 4,56 litr.
Salon üçin 12,9 dýuýmlyk media ulgamy we 8,8 dýuýmlyk sanly gurallar paneli ornaşdyrylypdyr. Täzelenen model iki tony bezegi, 50 wattlyk simsiz smartfon zarýady we akylly ses dolandyryşy bilen gelýär.
Ähli bezeg derejelerinde Toyota Pilot howpsuzlyk ulgamlary toplumy bardyr. Oňa awtomatiki tormoz tutuş, uýgunlaşdyrylan kruiz dolandyryşy, zolagy saklamak kömekçisi we EDSS gyssagly saklanyş ulgamy girýär.


düýn 09:36
2.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......