Ýamaýka bilen Kuba taryhynda iň güýçli harasat aralaşdy

  • 29.10.2025 13:47
  • 14k+

Sişenbe güni Ýamaýkanyň üstünden “Melissa” atly harasat geçip gitdi. Ol suw joşmalaryna we köpçülikleýin elektrik kesilmelerine sebäp boldy. "Melissa" bu ada döwletiniň taryhynda iň güýçli harasat boldy. ABŞ-nyň Harasat gözegçilik Milli merkeziniň (NHC) maglumatlaryna görä, 29-njy oktýabrda irden harasat Kubanyň kenaryna ýetdi.

Ýamaýkanyň Premýer-ministri Endru Holness ýurdy betbagtlyk zolagy diýip yglan etdi. Resmi maglumatlara görä, takmynan 15 müň adam wagtlaýyn ýerlere ýerleşdirildi. Elektrik üpjünçiligi 530 müň hojalykda kesildi. Ýurduň jemi ilaty 2,8 million adam. Paýtagt Kingstonda häkimiýetler ýaşaýjylara suw joşmasy sebäpli öz ýerlerinden çykan krokodil howpuna garşy duýduryş berdiler.
Senagat ministri Obin Hill harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagyna ýol bermän, zerur harytlaryň üpjünçiligini üpjün etmegi tabşyrdy, sebäbi ýaşaýjylar iýmit, suw we beýleki zerur zatlary ätiýaçlylyk üçin ýygnap başlady diýip, The Gleaner neşiri ýazýar.
CNN-niň maglumatlaryna görä, 7 adam harasatyň pidasy boldy: üçüsi Ýamaýkada, üçüsi Gaitide, biri bolsa Dominikan Respublikasynda.
“Melissa” harasaty iň ýokary, bäşinji kategoriýa çenli güýçlendi, soňra güýç derejesi dördünji kategoriýa çenli pesedi. Netijede, güýçli ýagynlar zerarly Ýamaýkanyň merkezi we günorta sebitlerini suw basdy.
Kubada öňünden takmynan 735 müň adam göçürildi. Iň güýçli zarba San­tiýa­go-de-Kuba welaýatyna düşdi. Harasatyň merkezinde ýeliň tizligi sagatda 205 km barabar boldy.
Harasatyň Bagam adalaryna tarap hereket etmegine garaşylýar.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....