Lexus Tokiodaky sergide üç dürli konsept-karyny hödürledi: miniwen, kross-kupe we sürüjisiz ulag

  • 30.10.2025 12:19
  • 6k+

Tokioda Japan Mobility Show sergisinde Lexus kompaniýasy LS indeksli üç täze tejribeli konsept modelini görkezdi. Häzir bu at marka üçin flagman sedana degişli bolsa-da, onuň öndüriliş döwri tamamlanmaga ýakyn gelýär. Täze görkezilen konseptlerden çen tutulsa, geljekde LS aýratyn model hataryna öwrülip biler.

LS Concept — kaşaň miniwen

Sergide esasy üns çeken ulag — alty tekerli LS Concept miniweni. Bu, mümkin, Lexus tarapyndan häzire çenli döredilen iň iri modeldir. Ulagyň futuristik görnüşi giň ön aýna, iki bölekden ybarat panaramaly ýagtylandyrylan üçek we ikinji hem-de üçünji hatar oturgyçlarynyň penjirelerinde ýerleşdirilen aýratyn «žalýuz» görnüşindäki çözgütler bilen tapawutlanýar. Yza ýerleşdirilen dört teker öňki tekerlerden kiçidir.

Salonda şturwal görnüşli dolandyryş rul, birnäçe ekrandan ybarat sanly panel ýerleşdirilen. Ikinji hatarda ýatyryp bolýan diwan, üçünji hataryň bezegi bolsa ýörite «business-class» hususy uçarynyň äheňinde ýerine ýetirilipdir.

LS Coupe — kämil görnüşli kross-kupe



Ikinji konsept — LS Coupe, sport kupesiniň we krossoweriň aýratynlyklaryny birleşdirýär. Yzky gapylar hereket ugrunyň tersine açylýar, bagaž bölegi bolsa çekilip çykýan guty görnüşinde ýerine ýetirilen. Salon arhitekturasy boýunça LS Concept miniwenine meňzeş, içki bezegde agaç ulanylypdyr. Öňdäki oturgyçlaryň arka bölegine ýolagçylar üçin dik monitorler ornaşdyrylan.

LS Micro — megapolise niýetlenen bir adamlyk awtonom elektrokar

Üçünji konsept — LS Micro, doly awtonom dolandyryşa eýe bolan bir adamlyk kiçi elektromobil. Salona ulagyň öňki bölegi ýokary galdyrylyp girilýär, şol bölege açyk displeý hem ornaşdyrylan. Içi diňe bir oturgyçdan, içgi goýmak üçin ýerden we funksional dolandyryş üçin joýstikler bilen enjamlaşdyrylan panellerden ybarat.


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.3k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....