Toyota Tokiodaky sergide Rolls-Royce we Bentley bilen bäsleşjek Century Coupe-ny görkezdi

  • 30.10.2025 16:00
  • 8.1k+

Tokioda Japan Mobility Show sergisinde Toyota öň yglan edilen Century Coupe kaşaň konseptiniň doly tanyşdyrylyşyny geçirdi. Kompaniýa Century maşynlaryny aýratyn ýokary hilli marka hökmünde ösdürjekdigini tassyklady.

Täze konsept geljekki ösüş ugruny görkezýär — ol kompaniýanyň häzirki modellerinden düýpgöter tapawutlanýar.
Century-nyň häzirki sedan we krossower görnüşleri däp bolan müşderi üçin niýetlenilen bolsa, kupe meňzeş SUV has batyrgaý görünýär. Onda diňe iki gapy bar, maşynyň durky yzky aýna bolmadyk fastbegi ýatladýar. Century maşgalasynyň tanalýan häsiýetlerini saklap, täze model uly bamper, relýefli kapot we piksel optikasy bilen dinamiki we agressiw görnüşe eýe. Mämişi reňkine çuňluk duýgusyny bermek üçin dizaýnerler 60-dan gowrak reňk gatlagyny ulandylar. Sergide dolulygyna gara görnüşli wariant hem görkezildi.

Tehniki aýratynlyklar heniz aýan edilmedi. Toyota häzirlikçe diňe dizaýnerleriniň başarnygyny görkezýär.

Interýer sada, ýöne gymmat materiallar — ýüň, mata we agaç — bilen işlenip taýýarlanyldy. Salon diňe iki doly orunly. Sürüjiniň öňünde birnäçe displeý ýerleşdirilen, käbiri gadjetleriň ekranlaryna meňzeýär. Sanly ekranlar Toyota üçin däp bolan mehaniki sagat bilen utgaşýar. Sürüjiniň kokpiti çalşyrylan ýagtylyk bilen bölünip, perde duýgusyny döredýär.
Çep yzda ýerleşýän ýeke-täk ýolagçy oturgyjy gapy tarapa öwrülip, düşmek üçin oňaýlylyk berýär. Onuň gapdalynda, sürüjiniň yzynda, ýük üçin meýdan bar, ýöne ol hem oturgyç hökmünde ulanylyp bilner.
Salonda gündelik zatlar üçin köp sanly saklaýyş ýeri bar: mysal üçin, saýawan üçin ýer, geýim üçin asgyç we ş.m.
Century Coupe esasan yzky ýolagçylaryň amatlylygy üçin niýetlenendir.
Konsept bilen birlikde Toyota öý üçin jaý enjamlary, gap-gaç we tekstil toplumy görkezdi we Century-ni Rolls-Royce we Bentley bilen bäsleşjek hakyky japon kaşaňlygynyň nyşany hökmünde ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady.


düýn 09:33
5.8k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......