Saud Arabystanynda gökdirän binanyň ýokarsynda stadion gurlar

  • 30.10.2025 15:16
  • 16k+

Gökdirän binanyň depesinde futbol stadionyny göz öňüne getirip bilersiňizmi?! Eger ýok bolsa, Saud Arabystany ony size hakykatda görkezip biler – patyşalykda nobatdaky NEOM Sky Stadium mega-taslamasy hödürlendi.

Meýdança 350 metr beýiklikde ýerleşip, otelleri, söwda zolaklaryny, türgenler, guramaçylar, žurnalistler hem tomaşaçylar üçin ýerleri öz içine aljak toplumyň bir bölegi bolar. Stadion 46 müň tomaşaça niýetlenýär. Ol ýerden Er-Riýady we onuň tutuş futuristik şäher landşaftyny görüp bolar.
Gurluşygyň bahasy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanýar.
Taslama ekologiýa taýdan arassa bolar – stadion, esasan, Gün batareýalarynda işlär, futbolçylar üçin bolsa beýiklikdäki temperatura tapawudynyň öwezini dolmak üçin ösen wentilýasiýa we sowadyş ulgamy gurnalar.
Gurluşyk 2027-nji ýylda başlar we ony 2032-nji ýyla çenli – hut bu ýerde geçirilmegi meýilleşdirilýän 2034-nji ýylyň dünýä çempionatyna iki ýyl galanda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Dünýä çempionatyndan soň meýdança konsertler we beýleki uly sport hem medeni çäreler üçin ulanylar. 


şu gün 13:51
1.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......